Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Gazagystanda


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana resmi sapar bilen bardy. Şol gün hem ol Astanada prezident Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşiklerde iki ýurduň hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekligiň perspektiwalary barada maslahat edilendigi habar berilýär.

Berdimuhamedowyň Gazagystana saparynyň barşynda göz öňünde tutulýan möhüm çärelerden birem şenbe güni Demirgazyk-Günorta täze demirýol liniýasynyň Türkmenistan bilen Gazagystana degişli bölekleriniň işe girizilmegine bagyşlanyp gurnaljak dabara bolar.

Demirýolyň bu işe giriziliş dabarasyna prezident Berdimuhamedow bilen prezident Nazarbaýew hem gatnaşar diýlip garaşylýar.

Gazagystandan başlap, Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna çykmaklyga mümkçinçilik berjek bu täze demirýol liniýasyna regionyň söwda-haryt hyzmatdaşlyklarynda uly rol oýnajak demirýol liniýasy hökmünde baha berilýär.
XS
SM
MD
LG