Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda dalaşgärlere hüjüm edilýär


“Pakistanyň halk partiýasynyň” edarasynda bolan bomba partlamasyndan soň, Kwetta, 10-njy maý, 2013.
“Pakistanyň halk partiýasynyň” edarasynda bolan bomba partlamasyndan soň, Kwetta, 10-njy maý, 2013.
Pakistanda 11-nji maýda boljak saýlawlaryň öňüsyrasynda syýasatçylaryň üstüne ýaragly hüjümler dowam edýär.

Pakistanyň aňtaw gullugynyň resmileriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, hepdäniň anna güni Demirgazyk Wezirstan regionynyň Miran Şah şäherinde dört dalaşgäriň edara jaýlarynyň golaýynda bolan bomba partlamalarynda azyndan üç adam heläk bolupdyr.

Anna güni Kwettada “Pakistanyň halk partiýasynyň” edarasynyň daşynda bomba partlap, bäş adam ýaralanypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de “Pakistanyň halk partiýasynyň” dalaşgäri we ýurduň öňki premýer-ministri Ýusuf Raza Gilaniniň ogly Ali Haýder Gilaniniň ykbaly barada hiç hili habar berilmedi. Penşenbe güni Multanda geçirilen duşuşyga gatnaşan Gilani ýaragly adam tarapyndan zor bilen äkidilipdi.

Pakistanyň ”Talyban” hereketi “Pakistanyň halk partiýasyna” we onuň ýaranlary bolan “Muttahida Kaýumi” hereketine hem-de “Awami” atly milli partiýa haýbat atypdy.

Dalaşgärleriň kampaniýasy

Dalaşgärleriň bäsleşik kampaniýasy resmi taýdan penşenbe güni tamamlandy.

“Pakistanyň halk partiýasynyň” başlygy we janyna kast edilip öldürilen öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň ogly Bilawal Zardari Bhutto öz çykyşynda atasyna we ejesine salgylandy.

Bilawal Zardari Bhutto ses berijilere ýüzlenip, olary “Pakistanyň halk partiýasynyň” esaslandyryjysy, prezident Zulfikar Ali Bhuttonyň we öldürilen Benazir Bhuttonyň Pakistanyň ykbalyna degişli arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin özüne goldaw bermäge çagyrdy.

Öňde barýan “Pakistanyň musulman ligasynyň” ýolbaşçysy Nawaz Şarif öz tarapdarlary bilen Lahorda duşuşyp, ýaşlary öz daşynda jemlemäge çalyşdy.

Şarifyň esasy bäsdeşi Imran Han öz tarapdarlaryna keselhanadan wideo arkaly ýüzlendi. Han 7-nji maýda Lahorda geçirilen duşuşykda sahna çykarýan liftden ýykylyp, ýaralanypdy.

Soňky aýyň dowamynda saýlawlar bilen baglylykda ýurtda bolan hüjümlerde 110-dan gowrak adam wepat boldy.

Ses berijiler

Emma zorluklara garamazdan pakistanly ses berijileriň ençemesi hüjümlerden gorkmaýandyklaryny aýdýarlar.

Mohammad Hassam Karaçide ses bermek üçin hasaba durdy. Ol howpsuzlyk şertleri ses berijileriň saýlawlara gatnaşmagy üçin doly mümkinçilik bermeýän hem bolsa, ses bermegiň zerurdygyny, munuň Pakistany halas etmek üçin gerekdigini aýtdy.

Pakistanyň Saýlaw komissiýasy ses bermäge hakly ses berijileriň sanawyny gaýtadan düzdi, oňa laýyklykda ýurtda hasaba alnan 85 million ses beriji bar.
XS
SM
MD
LG