Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Amnesty International” Ýazmuhammedowyň ýagdaýyna alada bildirýär


“Amnesty International” guramasynyň Moldowada gynamalara garşy gurnan protest çäresinde göterilen käbir şygarlar. Kişinýew, aprel, 2009.

“Amnesty International” guramasynyň Moldowada gynamalara garşy gurnan protest çäresinde göterilen käbir şygarlar. Kişinýew, aprel, 2009.

Anna güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag astyna alynmagy bilen baglanyşykly waka alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy öz beýanatynda Röwşen Ýazmuhammedowyň soňky wagtlar Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ençeme gezek soraga çekilendigini-de belläpdir.

Guramanyň bu beýanatynda Ýazmuhammedowyň maşgalasynyň jaýynyň töwereklerinde gözegçilik wideo kameralarynyň oturdylýandygy-da bellenip, muňa alada bildirilipdir.

“Amnesty International” guramasy öz beýanatynda Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk eden Ogulsapar Myradowanyň-da 2006-njy ýylda Türkmenistanda tussag edilip, onuň tussaglykda şübheli ýagdaýda aradan çykandygyny belleýär.

Gurama öz beýanatynda türkmen häkimiýetleriniň Röwşen Ýazmuhammedowyň gynamalara we beýleki bikanun gysyşlara sezewar edilmegine ýol bermeli däldiklerini we onuň maşgalasynyň-da basyşlara sezewar edilmeli däldigini nygtapdyr.

Mundan daşary, “Amnesty International” guramasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini Röwşen Ýazmuhammedowa bildirilýän aýyplamalary haýdan-haý aýan etmeklige we oňa garşy ykrar edip bolaýjak jenaýat aýyplamasy bildirilmeýän bolsa, ony haýdan-haý azatlyga goýbermeklige çagyrypdyr.

Şeýle hem, bu beýanatda “Röwşen Ýazmuhammedowyň öz žurnalistik işi üçin tussag edilendigi anyklanan halatynda, ‘Amnesty International’ ony wyždan ýesiri diýip ykrar eder we onuň haýdan-haý hem-de hiç hili şert goýulmazdan azat edilmegine çagyryş eder” diýlip bellenipdir.

Beýanatyň tekstiniň aşagynda bolsa, “Amnesty International” guramasy halkara jemgyýetçiligini bu mesele boýunça türkmen häkimiýetlerine ýüzlenmeklige çagyryp, Türkmenistanyň prezidentiniň we daşary işler ministriniň poçta adreslerini, telefon nomerlerini we elektron adreslerini ýerleşdiripdir.
XS
SM
MD
LG