Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SRG we HRW türkmen žurnalisti barada beýanat etdiler


“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň aktiwistleri Bütindünýä Metbugat azatlygy gününiň 20 ýyllygyna gabatlap, Parižde agitasiýa çäresini gurnaýarlar. Pariž, 3-nji maý, 2013.
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň aktiwistleri Bütindünýä Metbugat azatlygy gününiň 20 ýyllygyna gabatlap, Parižde agitasiýa çäresini gurnaýarlar. Pariž, 3-nji maý, 2013.
Anna we şenbe günleri ynsan hukuklaryny goraýjy “Serhetsiz Reportýorlar” we “Human Rights Watch” guramalary aýry-aýrylykda beýanat ýaýradyp, žurnalist R.Ýazmuhammedowyň tussag edilmegine alada bildirdiler.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň 6-njy maýdan bäri Türkmenabat şäherinde sebäbi düşündirilmezden tussag astynda saklanmagyny “bütinleý eden-etdilikli iş we bu raýatyň konstititusion hukuklarynyň hem-de Türkmenistan tarapyndan gol çekilen halkara şertnamalarynyň gödek bozulmasydyr” diýip häsiýetlendiripdir.

Anna güni ýaýradan bu baradaky beýanatynda “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň häkimiýetlerini Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmeginiň sebäplerini we oňa bildirilýän aýyplamalary düşündirmeklige çagyrypdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, bu gurama Türkmenistandaky repressiw ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen: “Türkmenistan ýaly şeýle ýapyk we repressiw ýurtda Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegini onuň žurnalistik işi üçin ar alyşlykdyr diýip çaklamak üçin ähli esaslar bar” diýip belläpdir.

Mundan daşary, “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň tussag edilmegi bilen baglanyşykly häzirki ýagdaý uzaga çeken halatynda, maý aýynyň ahyrynda Türkmenistan boýunça “ynsan hukuklary dialogy” ady bilen geçiriljek sessiýada Ýewropa Bileleşiginiň wekillerini bu meseläni gozgamaklyga çagyrypdyr.

HRW-niň beýanatyndaky aladalar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň Türkmenabat şäheriniň içeri işler bölümi tarapyndan 6-njy maýda tussag edilmegi bilen baglanyşykly waka alada bildirip, şenbe güni ynsan hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy-da beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüm direktorynyň orunbasary Raçel Denber “Türkmenistan dünýäde iň bir ýapyk ýurtlaryň biri hökmünde hem-de žurnalistleri tussag etmek we olara basyş etmek görkezijileri bilen tanalýar” diýip belläpdir.

“Human Rights Watch” guramasynyň beýanatynda Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmeginiň sebäpleri barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň içeri işler bölüminiň resmilerinden maglumat alyp bilmeýändigine-de ünsi çekipdir.

Bu gurama Türkmenistanyň media azatlygy we adam hukuklary meselesinde iň bir ýaramaz ýurtlaryň hatarynda bolmagynda galýandygyny belläp, bu ugurda BMG-niň Ynsan Hukuklary Komitetinde we Ynsan Hukuklary Geňeşinde geçirilen aýry-aýry diňlenişikleriň netijelerine-de salgylanypdyr.

Beýanatda guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüm direktorynyň orunbasary Raçel Denber öz guramasynyň Röwşen Ýazmuhammedowyň howpsuzlyk we saglyk ýagdaýyna alada bildirýändigini belläpdir.

Şeýle hem, ol Türkmenistanyň polisiýasynyň Ýazmuhammedowy ýa-ha haýdan-haý azatlyga goýbermelidigini ýa-da oňa ygtybarly deliller esasynda nähili jenaýat aýyplamasynyň bildirilýändigini mälim etmelidigini nygtapdyr.
XS
SM
MD
LG