Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda parlament saýlawlary geçirilýär


Şenbe güni Pakistanda amala aşyrylan birnäçe ganly hüjümlere garamazdan, parlament saýlawlaryna ses bermäge gatnaşýan raýatlaryň sany ýokary bolmagynda galýar.

Pakistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy şenbe güni günortana çenli eýýäm ses bermäge hukukly ilatyň 30 prosentine golaýynyň öz seslerini berendiklerini mälim etdi.

Ýurtdaky talyban toparlary bu parlament saýlawlaryny yslamyň düzgünlerine garşy gelýän çäre hökmünde häsiýetlendirip we ses berişliklere ýol bermejekdiklerini aýdyp, duýduryşlar ýaýratdylar.

Şenbe güni Karaçi şäherinde dünýewi partiýanyň ofisiniň golaýynda amala aşyrylan uly partlamada azyndan 10 adamyň ölendigi habar berilýär. Bulujystan welaýatynda-da iki sany dalaşgäriň tarapdarlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda 5 adamyň ölendigi aýdylýar.

Bu parlament saýlawlary Pakistanda häzirki raýat hökümeti öz resmi möhletini doly tamamlanyndan soň, öz möhletinde amala aşyrylýan ilkinji parlament saýlawlarydyr.
XS
SM
MD
LG