Sepleriň elýeterliligi

Türkiýedäki partlamada 13 adam öldi


Şenbe güni Türkiýäniň içeri işler ministri Muhammed Güler Siriýa bilen serhede golaý ýerleşýän Reýhanly şäherinde içine bomba ýerleşdirilen iki sany maşyn partladylanda, 13 adamyň ölüp, 22 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

“Anadoly” habar agentligine beren interwýusynda ol partlamalardan biriniň bu şäheriň şäher administrasiýasynyň binasynyň öňünde amala aşyrylandygyny aýtdy. Partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almandyr.

Soňky wagtlar Türkiýe Siriýadaky oppozision söweşijileri ýakyndan goldap gelýär we oppozisiýanyň wekilleriniň Türkiýäniň territoriýasynda iş alyp barmaklaryna-da rugsat berýär.
XS
SM
MD
LG