Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Şarif ýeňiş gazanandygyny yglan edýär


Pakistanyň resmileri şenbe günki parlament saýlawlaryna ses bermäge hukukly ilatyň 60 prosente golaýynyň ses bermäge gatnaşandygyny aýdýarlar.

Pakistanyň resmileri şenbe günki parlament saýlawlaryna ses bermäge hukukly ilatyň 60 prosente golaýynyň ses bermäge gatnaşandygyny aýdýarlar.

Pakistanda şenbe güni geçirilen parlament saýlawlarynyň yzy bilen, heniz ses sanawlary tamamlanmanka, ýurduň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarif öz aram sagçy partiýasynyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Ses sanawlarynyň deslapky netijeleri Nawaz Şarifiň “Pakistan Musulman Ligasy-Nawaz” partiýasynyň hem-de kriket boýunça ozalky sport ýyldyzy Imran Khanyň “Tehreki Insaf” partiýasynyň saýlawçylaryň uly goldawyny gazanandygyny görkezýär.

Pakistanyň saýlawlar boýunça resmileri şenbe günki parlament saýlawlaryna ses bermäge hukukly 86 milliona golaý ses berijilerden 60 prosente golaýynyň ses bermäge gatnaşandyklaryny aýdýar. 2008-nji ýyldaky saýlawlara ses berijileriň bary-ýogy 44 prosenti gatnaşypdy.

Hüjümler päsgel bermedi

Saýlawlaryň öňýanyndaky günlerde Pakistandaky talyban toparlary bu parlament saýlawlaryny yslamyň düzgünlerine garşy gelýän çäre hökmünde häsiýetlendirip we ses berişliklere ýol bermejekdiklerini aýdyp, duýduryşlar ýaýradypdylar.

Saýlawlaryň geçirilýän güni amala aşyrylan dürli hüjümlerde 20 töweregi adam öldi. Emma, muňa garamazdan, umumy alnanda, saýlawlar üstünlikli geçdi diýlip hasaplanylýar.


Bu parlament saýlawlary Pakistanda ozalky raýat hökümeti öz resmi möhletini doly tamamlanyndan soň, öz möhletinde geçirilen ilkinji parlament saýlawy hökmünde alamatlandy.

Pakistanyň 1947-nji ýylda öz garaşsyzlygyna eýe bolaly bäri geçen döwrüň ýarsyna golaýynyň dowamynda ýurt harbylaryň dolandyryşy astynda bolupdy. Şu döwrüň içinde ýurtda üç gezek häkimiýet agdarylyşygy amala aşyryldy.

Soňky hökümetiň raýat hökümeti bolandygyna garamazdan, Pakistanyň harby toparlary henizem ýurtda iň täsirli we güýçli toparlar bolmagynda galýar.

Şarif koalisiýa düzmeli bolar

Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarifiň öz “Musulman Ligasy” partiýasynyň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny öňe sürýändigine garamazdan, deslapky netijeler onuň partiýasynyň gazanan sesleriniň parlamentde dolandyryjy partiýa bolmaga mümkinçilik bermeýändigini görkezýär.

Bu bolsa, Nawaz Şarifiň partiýasynyň parlamentde haýsydyr bir beýleki partiýa ýa-da partiýalar bilen bilelikde dolandyryjy koalisiýa döretmeli boljakdygyny aňladýar.

Nawaz Şarifiň täze hökümeti düzmekligi başaran halatynda, bu onuň üçülenji gezek Pakistanyň premýer-ministri wezipesine eýe bolandygyny aňladar.

Saýlawlaryň resmi bolmadyk netijileri kriket boýunça ozalky sport ýyldyzy Imran Khanyň “Tehreki Insaf” partiýasynyň-da saýlawçylaryň uly goldawyny gazanandygyny görkezýär.

Pakistanyň ozalky koalision hökümetindäki esasy dolandyryjy partiýa hasaplanylýan “Awami” milli partiýasy bu gezek kän ses gazanmajaga meňzeýär. Munuň sebäbi bolsa, bu partiýanyň soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdy dolandyryş usulyndan saýlawçylaryň hoşal däldigi bilen düşündirilýär.
XS
SM
MD
LG