Sepleriň elýeterliligi

Siriýa partlamalara dahylsyzdygyny aýdýar


Siriýanyň hökümeti Türkiýäniň Reýhanly şäherinde şenbe güni iki sany maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylan partlamalara resmi Siriýanyň dahylynyň ýokdugyny aýdýar.

Siriýanyň informasiýa ministri Omran al-Zohbi ýekşenbe güni bu barada eden beýanatynda “Siriýa beýle işi etmändi we hiç haçanam etmez” diýip nygtapdyr.

Şenbe güni Türkiýäniň Siriýa bilen serhedine golaý ýerleşýän Reýhanly şäherinde içine bomba ýerleşdirilen iki sany maşyn partladylanda, 40-dan gowrak adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Bu wakanyň yzy bilen ýekşenbe güni eden çykyşynda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bu hüjümleriň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly söweşijiler tarapyndan gurnalandygyna ynanýandygyny belledi.
XS
SM
MD
LG