Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Dalaşgärler hasaba alyndy


Şenbe güni Eýranda prezidentlik saýlawlaryna dalaşgärleri hasaba almak işi tamamlandy. Şu ýylyň 14-nji iýunynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek üçin Eýranda şu geçen hepde 360 töweregi adam özüni hasaba aldyrtdy.

Olaryň arasynda ýurduň ozalky prezidenti Haşemi Rafsanjani we ýadro meseleleri boýunça ýörite wekili Said Jalili dagylar hem bar.

Indi dalaşgärlige kandidatlaryň sanawy geljek 10 günüň dowamynda Eýranyň Baş kanunyna gözegçilik ediji ruhanylar Geňeşi tarapyndan tassyklanylmaly.

Prezidentlige dalaş etmäge isleg bildirip, özlerini hasaba aldyrdan resmileriň hatarynda Tähranyň meri Mohammad Bager Kalibafyň, prezident Ahmedinejatyň dogany Dawud Ahmedinejatyň we prezidentiň maslahatçysy Ali Akbar Jawanfekriň-de bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG