Sepleriň elýeterliligi

Habyp Salary: “Barymyz bir bolmaly!”


Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet Jam şäherinde ýaşaýan Habyp Salary (çepde). Horasan, aprel, 2013.

Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet Jam şäherinde ýaşaýan Habyp Salary (çepde). Horasan, aprel, 2013.

Dürli çeşmelere görä, Eýranda 3 million töweregi türkmen ýaşaýar. Olaryň aglabasy Türkmenistan bilen serhetleşýän Türkmensähra ülkesinde ýaşaýan bolsa, belli bir bölegi Owganystan bilen serhetdeş Horasan regionynyň Türbet Jam şäherinde ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy Eýrandaky bu türkmenleriň regiondaky beýleki türkmenler bilen aragatnaşygy, gün-güzerany we hal-ýagdaýy, ykdysady durmuşy bilen gyzyklanyp, olaryň wekillerinden biri Habyp Salary bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Habyp Salary, Eýranda ýaşaýan ýeriňizde näme bilen meşgullanýarsyňyz?

Habyp Salary:
Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet Jam diýen şäherinde ýaşaýan türkmenler köplenç ekinçilik, ýagny oba hojalygy bilen meşgullanýarlar. Türbet Jamdaky salyr türkmenleriniň aglabasy hasyl orýan we ýygnaýan kombaýn ulagy bilen ekinçilere hyzmat berýärler.

Şonuň ýaly-da, ekerançylyk bilen meşgullanýan doganlarymyzam bar. Meselem, meniň özüm hem ekerançylyk bilen meşgullanýaryn. Maşyn bejerýänlerimiz, bazarda işläp ýörenlerimiz we edaralarda işleýänler hem bar.

Maşatda hem köpçülik bolup ýaşaýan salyr türkmenlerimiz bar. Olaryň uly firmalary bar. Ol firmalar daşary ýurtlardan ýük daşaýarlar. Eýrana gelýän ýükleri bolşy ýaly, Eýrandan Gazagystana, Täjigistana, Hytaýa, Türkmenistana, Owganystana, Pakistana ýükleri daşap durlar.

Maşatdaky türkmenleriň şol ýük daşaýan firmalary Eýrandaky öz ugrundan gaty uly ady belli firmalar hasaplanýar. Şolaryň esasylary, ýagny, iň ululary 2-3 sany. Olaryň jemi sany bolsa iki-üç ýüz sany bardyr.

Azatlyk Radiosy: Aglabasy ekerançylyk bilen meşgullanýar diýýän türkmenleriňiz gowy girdeji gazanyp bilýarlermi, şolaryň güzeran ýagdaýlary nähili?

Habyp Salary: Hudaýa şükür, türkmenlerimiziň güzeran ýagdaýlary gowy. Ekinleriň hasylyny orup-ýygnaýan kombaýynçylaryň ýylda iki-üç aýlyk işi bolýar. Şol sebäpden hasyl wagty gutarandan soň, olar başga işler bilen meşgullanýarlar. Olaryň bazarlarda dükanlary bar we söwdegärlik edýärler.

Azatlyk Radiosy: Horasan sebitindäki türkmenleriň Türkmensähra tarapdaky türkmenler bilen ykdysady gatnaşyklary nähili ýagdaýda?

Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet Jam şäherinde ýaşaýan Habyp Salary (çepde) ýerli ussahanada dutar çalýar.

Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet Jam şäherinde ýaşaýan Habyp Salary (çepde) ýerli ussahanada dutar çalýar.

Habyp Salary: Türkmensähradaky türkmenler bilen ykdysady ugurdan gatnaşyklar kän ýok. Sebäbi ara gaty uzak bolýar. Biziň ýaşaýan ýerimiz bolan Türbet Jama Maşat gaty ýakyn, ýagny bary-ýogy 160 kilometr. Biziň bolýan ýerimiz Türkmensähra däl-de, Türkmenistana gaty ýakyn.

Azatlyk Radiosy: Türbet Jamdaky we Maşatdaky türkmenleriň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary nähili?

Habyp Salary: Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyk gaty ösen. Türkmenistandan Maşada we biziň şäherimize esasan gurluşyk serişdeleri, sement daşap durlar.

Azatlyk Radiosy: Habyp Salary, Eýranyň Horasan sebitindäki türkmenleriň Owganystan türkmenleri bilen ykdysady gatnaşyklary nähili?

Habyp Salary:
Eýranyň Owganystana iň ýakyn şäheri biziň Türbet Jam şäherimiz bolýar. Türbet Jam salyr türkmenleri Owganystan bilen serhetýakada ýaşaýarlar. Şonuň üçinem, Eýrandan Owganystana zat äkidýän gaty köp adam bar. Olar bilen ykdysady gatnaşyklarymyz gaty ösen. Eýrandan Owganystana daşalýan zatlar hem biziň üstümizden geçip dur. Ýörüte Owganystana haryt äkidip satmaklyk bilen meşgullanyp ýören öz türkmen oglanlarymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Owganystandaky türkmenler bilen gowy düşünişip bilýärsiňizmi?

Habyp Salary: Owganystanyň Gerat şäherinde teke türkmen doganlarymyz bar. Täzelikde olar bilen gatnawlarymyz hasam köpeldi. Şonuň üçinem, olar bilen ykdysady gatnaşyklarymyz indiden soň başlajak bolýar. Öň olar bilen ykdysady ugurdan gatnaşyk ýokdy.

Azatlyk Radiosy: Öň ykdysady gatnaşyklaryňyzyň bolmandygynyň sebäbi näme?

Habyp Salary: Owganystanda öň Talyban diýen hökümet bardy. Ynha, şolar owal gidip-gelimi kesipdi. Şol Owganystandaky durnuksyz ýagdaý sebäpli ykdysady gatnaşyklary urukdyryp bilmedik. Owganystanyň ýagdaýy gowulaşan mahaly bärden, Eýran tarapdan olar bilen ykdysady gatnaşygy gurjak gaty köp adam bar.

Azatlyk Radiosy: Habyp Salary, pursatdan peýdalanyp, dünýä türkmenlerine näme aýtmak isleýärsiňiz?

Habyp Salary: Türbet Jam şäherindäki salyr doganlaryndan hemme dünýä türkmenlerine siziň üstüňiz bilen köp salam aýdýaryn. Dünýä türkmenlerine aýtjak bolýan esasy zadym: salyr, teke, ýomut diýip ýörmän, hemmämiz bir Türkmen we barymyz bir bolmaly!
XS
SM
MD
LG