Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat Sadykow ýagşylykda ýatlanýar


Garaşsyzlyk ýyllarynda häkimiýetler Myrat Sadykowyň döredijiligine goldaw bermediler we onuň döredijiligi soňky nesilleriň arasynda tanalmady.
Garaşsyzlyk ýyllarynda häkimiýetler Myrat Sadykowyň döredijiligine goldaw bermediler we onuň döredijiligi soňky nesilleriň arasynda tanalmady.
7-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň halk artisti, meşhur aýdymçy Myrat Sadykow 77 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Sowet häkimiýeti ýyllarynda Myrat Sadykow türkmen we rus dillerinde özüniň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlary bilen giň halk köpçüliginiň söýgüsini gazanmagy başarypdy.

Ol 1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Güneş” wokal-instrumental ansamblyny ilkinji döredijileriň biri bolupdy we bu ansambla uzak wagtlap çeper ýolbaşçylyk edipdi.

Sowet häkimiýeti ýyllarynda Myrat Sadykow ozalky SSSR-iň dürli respublikalarynda aýdym-saz festiwallaryna we uly konsertlere-de gatnaşyp, doganlyk halklaryň arasynda-da uly meşhurlyk gazanypdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň häkimiýetleri köpsanly beýleki zehinli döredijilik işgärleri bilen birlikde, Myrat Sadykowyň-da döredijiligine goldaw bermediler we onuň döredijiligi soňky nesilleriň arasynda tanalmady.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki medeni programmasynda dünýädäki kabir medeni täzelikler bilen birlikde Myrat Sadykowyň ömri we döredijiligi barada-da giňişleýin gürrüň edilýär.

Şu medeni programmany diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:

XS
SM
MD
LG