Sepleriň elýeterliligi

Liwiýa: Ýaragly topar talaplaryny bes etdi


Ýekşenbe güni habar serişdeleri Liwiýanyň paýtagty Tripolide ýaragly adamlaryň ýurduň Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň binalaryny gabamaklaryny bes edendiklerini habar berdiler.

Ýaragly adamlaryň bir topary aprel aýynyň ahyrynda Liwiýanyň bu ministrlikleriniň daşyny gabap, Muammar Kaddafiniň döwründe hökümet işlerinde işlän ozalky çinownikleriň häzirki hökümetiň düzüminde işledilmekleriniň gadagan edilmegini talap edipdiler.

Ýaragly adamlaryň bu çäresiniň dowam edýän günlerinde Liwiýanyň parlamenti Muammar Kaddafiniň döwründe hökümet wezipelerinde işlän resmileriň häzirki hökümetiň düzüminde wezipe eýelemeklerini gadagan edýän kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Liwiýa 40 ýyldan gowrak wagtlap liderlik eden Muammar Kaddafy 2011-nji ýylyň halk gozgalaňynda gozgalaňçylar tarapyndan atylyp öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG