Sepleriň elýeterliligi

Mübärek metbugata kommentariýa berdi


Ýekşenbe güni Müsüriň ozalky awtoritar lideri Hosni Mübärek iki ýyl mundan ozal tussag edileli bäri ilkinji gezek habar serişdelerine kommentariýa berdi.

Ýurduň metbugatynda çap edilen kommentariýasynda Hosni Mübärek Müsürdäki ýagdaýlara we ýurduň garyp halkynyň başdan geçirýän kynçylyklaryna “gyýylýandygyny” belläpdir. Ol özüniň hemişe garyplaryň aladasyny edendigini we olaryň bähbidine garşy geljek islendik çäreden ýüz öwrendigini nygtapdyr.

Mundan daşary, Hosni Mübärek metbugata beren bu kommentariýasynda geljekki nesilleriň özüne adalatly baha berjekdiklerine ynanýandygyny-da belläpdir.

85 ýaşly Hosni Mübärek şenbe güni öz işi bilen baglanyşykly gaýtadan açylan sud diňlenişigine eltildi. Oňa 900 töweregi protestçiniň ölümine dahyllylykda berlen ozalky ölüm jezasy ýakynda şikaýat sudy tarapyndan ýatyrylyp, sud prosesini gaýtadan geçirmeklik karar edilipdi.
XS
SM
MD
LG