Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada parlamente saýlawlar geçýär


Ýekşenbe güni Bolgariýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirilýär.

Möhletinden öň parlament saýlawlarynyň geçirilmegine Bolgariýada soňky wagtlar elektrik energiýasynyň çakdanaşa ýokary bahasyna, ykdysady kynçylyklara we korrupsiýa garşy giň gerimde geçirilen protest çykyşlary sebäp boldy.

Bu köpçülikleýin protest çykyşlarynyň netijesinde şu ýylyň fewral aýynda ýurduň premýer-ministri Boýko Borisow hem wezipesinden çekilipdi.

Saýlaw kampaniýasynyň barşynda ýurduň ozalky içeri işler ministriniň görkezmesi bilen raýatlaryň telefonynyň diňlenýändigi barada peýda bolan maglumatlar syýasy dawalaryň-da döremegine sebäp boldy.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, geçen hepdäniň anna güni Bolgariýanyň prokuraturasy ýerli çaphanada bikanun ýollar arkaly çap edilen 350 müň sany saýlaw býulleten kagyzynyň konfiskasiýa edilendigini-de mälim etdi.

Bolgariýanyň oppozision aktiwistleri ýurduň ozalky hökümetini häzirki saýlawlaryň netijesini galplaşdyrmak synanyşyklarynda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG