Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merdan: "Türkmenistanda musulmanlara gün berlenok"


Doga edip oturan musulman
Doga edip oturan musulman
Özüni Merdan diýip tanyşdyran bir türkmenistanly Saud Arabystanda din ugrundan okap ýörkä Türkmenistanyň howpsuzlyk işgärleri tarapyndan özüniň we maşgalasynyň yzygiderli basyş astynda tutulandygyny aýdýar.

Merdan bularyň netijesinde BMG-a bosgunlyga ýüz tutmaga mejbur galandygyny belleýär. Merdanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň din ugrundan bilim alan agasy häzirki wagt Owadandepe türmesinde saklanylýar.

Azatlyk Radiosy: Siz näçe ýyldan bäri hem näme sebäpden daşary ýurtda?

Merdan: On iki ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşap ýörün. Okuw diýip daşary ýurda çykdym. Din ugrundan okamak üçin gaýtdym.

Azatlyk Radiosy: Merdan näme üçin ylaýta-da din ugruny saýlap aldyň?

Merdan: Ata-babalarymyzam Yslam dini bilen ýaşap, ömürlerini şonuň ugrunda gorap, janlaryny berdiler. Ata-babalarymyzyň şol ýolunda ýöräp, Yslam dinini tutmak boýunça dinimizi öwrenmeklik üçin şu ugry saýladym.

Azatlyk Radiosy: Häzir şu ugurda özüň näme edýäň?

Merdan: Saud Arabystanyň uniwersitetinde magistrlik okap ýördüm. Şony tamamlamaga bir azrak wagt galdy.

Azatlyk Radiosy: BMG-na bosgunlyk üçin ýüz tutmagyňa näme sebäp boldy?

Merdan: Men ýurda gaýdyp barsam, meni tutup, basjaklar. Şonuň üçin gidere ýerim bolmansoň şolara ýüz tutmaly boldum.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, näme üçin size şeýle howp abanýar?

Merdan: Dinimizi okaýandygym üçin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda dini bilim almaga gadagançylyk barmy?

Merdan: Ýok, gadagan däl. Kanuna garşy zat däl. Ýöne şol dini tutýaň, din okaýaň diýip bize gün berenoklar. Emma, ata-babalarymyz şu din ugrynda ganlaryny dökdüler. Dini gorajak boldular. Din ugrunda wepat boldular. Din ugrunda janlaryny berdiler. Şonda-da ynha biz dinimizi şular ýaly kynçylykly ýagdaýda bolsagam tutýarys. Käbirleri agy-garany saýgarman günäsizlerem tutýarlar we basýarlar. Şolar ýaly ýagdaýlar.

Azatlyk Radiosy: Şu ugurda saňa garşy bir duýduryş, gysyş ýa-da basyş boldumy?

Merdan: Hawa, boldy. Haçan-da Arap ýurduna okuwa çykanymda kakam dagyny idäp “Hany ogluňyz? Getiriň ony” diýip, gün bermän, çagyryp, şolar ýaly ýagdaýlar boldy.

Azatlyk Radiosy: Seniň maşgala ýagdaýyň nähili, ýeke özüňmi ýa maşgalaň barmy?

Merdan: Men maşgalaly. Bir oglum hem bir gyzym bar.

Azatlyk Radiosy: Sen ýaňy “dini okaýandygym üçin, basyş edilýär” diýdiň. Eýsem türkmen resmileriniň beýle basyş etmegine näme sebäp bolýar?

Merdan: Meniň pikirime görä, diniň ady bilen etmesiz işleri edýärler. Kim şony edýär we kim edenok ynha şony saýgarmaklyk gerek. Saýgarman günäliň ýerine günäsizi basmaklyk gaty ýalňyş. Günäli bilen günäsizi saýgarmaly ynha meniň pikirim şeýle.

Azatlyk Radiosy: Seniň maşgalaňda şeýle sebäpden hem tutulan bar diýipdiň?

Merdan: Hawa, agamy tutdular. Öz doganymy tutdular.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin tutdular agaňy? Sebäp näme?

Merdan: Agam hem owal Saud Arabystanda okapdy. Sebäbini doly bilemok. Ýöne 2009-njy ýylda tutuljak bolanda "Sanawda ady bar, pylan zady bar“ diýip zyndana sokdular. Agamyň hiç hili günäsem ýok. Söwda bilen meşgullanyp ýördi.

Azatlyk Radiosy: Agaňyz çakdanaşa dinçi toparlar bilen ilteşigi bolup bilermi?

Merdan: Ýok, gaýtam şolar ýaly zatlara üns berýänleri raýyndan gaýtarýar. Olara “Şeýle çakdanaşa toparlara goşulmaň, diňe dinimizi dogry tutuň, bu zatlar bilen işiňiz bolmasyn” diýip tagalla edip ýören biridi. Agam öz söwda işleri bilen meşgullanyp ýören biridi, olar ýaly zatlara goşulan adam däldi.

Azatlyk Radiosy: Şu wagt Türkmenistanda henizem zyndanda otyrmy?

Merdan: Hawa, çykar diýip arzuw-a edýäris. Çykaýady-da nesip bolsa.

Azatlyk Radiosy: Merdan sen onda Türkmenistanda din azatlygy, din erkinligi ýok diýjek bolýarmyň?

Merdan: Hawa. Biz şu wagt musulmanlar Türkmenistanda dinimizi gowy tutup bilemzok. Sebäbini bilemizok. Sorag-ideg edip, gije-gündiz Türkmenistanda gün berenoklar musulmanlara.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden şeýle bolýandyr öýdýärsiň? Seniň bu barada pikiriň näme?

Merdan: Men şeýle pikir edýarin; din diýip, diniň ady bilen ters işleri edýän adamlary saýgarmaklyk gerek. Hakyky din tutýan adamyň, din bilen hakyky ýaşajak adamyň hiç hili günäsi ýok. Emma biri din diýip, diňe gabat gelmeýän zatlary edýän bolsa, ana şolar ýalylary saýgarmaklyk gerek.

Azatlyk Radiosy: Merdan sen kanuna garşy hiç-hili hereket etmedik bolsaň saňa nähili howp abanyp biler? Bu zatlary türkmen resmilerine düşündirjek bolduňmy?

Merdan: Bu taýda düşünmez ýaly bir zadam ýok. Men hem bilemok şol zatlary. Şol okap ýörkäk telefon nomerimizi gözläp-idäp, “Nirede?” diýip sorap, ynha şeýdip ýörler. Bilemok näme üçin şeýle bolýar. Üýtgeşik bir hereket edemizogam, olar ýaly zatlara goşulmadygam. Goşulmagy hem islämzok. Goşulýanlara-da maslahat berýäris “Goşulmaň” diýip. Biz dinimizi okaýarys, dinimizi saklaýarys. Başga zatlara goşulmaýarys hiç haçan.
XS
SM
MD
LG