Sepleriň elýeterliligi

Bu dünýäde iň dowamly göreş haýyr bilen şeriň arasynda barýar. Bu göreş halk döredijiliginde, has beterem halk ertekilerinde ýiti şöhlelenýär. Ýaňy-ýakynda “GÜN” neşirýatynda şwed dilinde Türkmen halk ertekileriniň ýene-de bir ýygyndysy çykdy. Azatlyk Radiosy ýazyjy Ak Welsapar bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: “Gün” neşirýatynyň internet saýtynyň habar bermegine görä, ýaňy-ýakynda Şwesiýada türkmen halk ertekileriniň ýene-de bir ýygyndysy çykypdyr. Şol barada birki agyz gürrüň beräýseň?

A.Welsapar: Hawa, Şwesiýada türkmen halk ertekileriniň täze kitaby neşir edildi. Kitapda 15 sany erteki bar we ol 120 sahypadan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Kitabyň ady näme?

A.Welsapar: Kitabyň ady şwed dilinde “Den underbara sångens hem”, türkmen dilinde “Ajap aýdymyň öýi” diýmek bolýar.

Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden kitaba beýle at goýduňyz?

A.Welsapar: Sebäbi şol at bilen kitaba bir türkmen halk ertekisi girizildi. Aslynda bu kitabyň döremegine sebäp bolanam şol erteki diýse bolar. Onuň mazmuny meni özüne çekdi. Ol ertekide men öz döwrümiziň iň uly, iň agyr meseleleriniň biriniň çeper çözgüdini gördüm.

Azatlyk Radiosy: Ol nähili problema?

A.Welsapar: Ol adamlaryň öz dogduk mekanyndan aýrylmak meselesi. Agzalýan türkmen halk ertekisinde biziň ata-babalarymyz eýýäm orta asyrlarda bu meseläni gozgap, onuňam ýerlikli çözgüdini hödürlän ekenler. Bu örän täsin erteki.

Azatlyk Radiosy: Şol ertekiň gysgaça manysyny aýdyp berseň, okyjylar üçin gyzykly bolardy.

"Ajap aýdymyň öýi" ertekiler ýygyndysy

"Ajap aýdymyň öýi" ertekiler ýygyndysy

A.Welsapar: “Ajap aýdymyň öýi” erteksinde bir patyşa öz baş weziri bilen awa gidýär. Az ýöräp, köp ýöräp, bular bir jeňňelligiň çetinden barýarlar. Hyýallary guş atjak.

Emma jeňňeliň içi ýylan-içýandan, çybyn-çirkeýden doly, ýata, porsy suwam – üstesine. Bular atyň başyny öwrüp, bu taýdan derrew gitmekçi bolýarlar. Emma şol wagt jeňňeliň içinde bir guş saýraýar.

Patyşa-da, ýanyndakylaram ol owaza aňk bolýarlar. Ol warkajyk diýen guş eken. Patyşa bu guşuň owazyna ýüregini berýär, ähli zatdan bizar bolup, şol owaza gulagyny tutýar oturyberýär, bu taýdan butnasy gelenok.

Emma jeňňeliň içi howply, ysam demiňi tutup barýar. Onsoň guşy tutup, köşge getirmeli edýärler. Köşkde ony tylladan kapasa salyp, süýjüden-süýji hörek berýärler. Gus hasam owadan saýrar öýdýärler. Emma guş gaýta saýramasyny kesip, köşgüň bagyndan öz garyp mekanyna tarap garaýar oturyberýär…

Indi ertekiniň yzyny aýtman, onuň filosofiki jemlemesine geçesim gelýär. Häzirki wagtda on millionlarça adamlar dürli sebäplere görä, öz dogduk topragyny terk edip, başga ýurtlara göçüp, ýat illerde mekan tutmaly bolýarlar.

Birleşen Milletler Guramasam, adam hukuklaryny goraýjy beýleki Halkara guramalaram öz ýurdunda horlananlara başga ýurtlarda oturym almaga kömek edýär. Bu-da, elbetde, gowy iş, zerur iş. Emma, üns berseň, agzalýan türkmen ertekisinde bu meseläni çözmegiň biraz başgarak usuly görkezilýär. Ertekini gymmaty şonda.

Azatlyk Radiosy: Dogduk mekany ýaşaýşa ýaramly etmek – ertekiniň manysy şondadyr, belki?

A.Welsapar: Hawa. Jeňňeli zäherli mör-möjekden arassalamak, porsy suwy sowup, o ýere süýji suw eltmek. Şonda hiç kes öz dogduk mekanyny taşlamaly boljak däl.

Azatlyk Radiosy: Beýleki ertekileriň temasy bu gürrüň beren ertekiň bilen sazlaşýarmy?

A.Welsapar: Elbetde, sazlaşýar. Emma ertekiler biri-birini gaýtalanok, olaryň hersi bir gyzykly temany gozgaýar. Meselem, bu kitapda “Garyp goja hem ak ýylan” diýen bir erteki bar.

Bu ertekini men çagalykdan gowy görerdim, onuň kitaplardakydan has şireli bir görnüşini ertekiçiniň dilinden ozal özüm ýazyp alypdym. Bu ertekini men türkmen halk ertekileriniň iň naýbaşylarynyň biri diýip hasaplaýan.

Çünki onda haýyr bilen şeriň baky göreşi örän çuňňur, örän çeper beýan edilýär. Iň täsin ýeri-de, haýyr bilen şeriň hiç haçan biri-birini gutarnykly ýeňip bilmejekdigi görkezilýär.

Türkmenleriň gaty ir döwürlerde şeýle netijä gelmegi, bu durmuşyň iň bir düýpli problemalarynyň biriniň örän täsin filosofiki çözgüdini tapmagy, dogrusy, akylyňy haýran edýär! Şwed okyjylarynyň bu ertekini halajakdygyna şübhäm ýok.

Azatlyk Radiosy: Ertekileri şwed diline şol durşuna terjime etdiňmi ýa üýtgetmeli bolýarmy?

A.Welsapar: Ertekileriň şikes ýeten ýerlerini düzetmeli bolýar. Ýöne bu zergäriň işi ýaly ynjyk iş, halk ertekilerine örän aýawly çemeleşmeli, ertekiniň süňňüni bozmaly däl.

Bu hakda ikimiz “Dirilik suwy” atly ertekiler kitaby çykanda-da gürrüň edipdik. Halk ertekisine el urmak – aşa jogapkärli iş. Bu edil zeper ýeten gadymy žiwopis eserleriniň dikeldilişi ýaly zat.

Azatlyk Radiosy: Kitap diňe halk ertekilerinden ybaratmy?

A.Welsapar: Ýok, bu kitapda meniň öz ýazan ertekilerimdenem ikisi bar. Olaryň biri “Soltanyň gyzy Solmaz” diýen erteki. Bu ertekini ýazmagymyň bir sebäbi bar…

Azatlyk Radiosy: Ol nähili sebäp?

A.Welsapar: Men türkmen ertekileri bilen 30 ýyl töweregi wagt bäri iş salyşýan. Tejribäm artdygyça-da, bir täsinligi anyk görýän. Meniň pikirimçe, bizde ýitip giden halk ertekileri bar. Ol ertekileriň yzyny görse bolýar…

Şol yzlar beýleki türkmen ertekilerinde galypdyr. Bu örän täsin ýagdaý. Bolmaly ertekiniň özi ýok, ýöne dürli ertekilerde onuň fragmentleri, bölekleri galypdyr. Onsoň men, öz ýazyjylyk tejribäme daýanyp, şol ýiten ertekileriň käbirini dikeltmeli diýen karara geldim.

“Soltanyň gyzy Solmaz” ertekisi-de şol sebäpden döredi. Men “Soltanyň gyzy Solmaz”, “Suw aty” ýaly ertekileri ýazmak bilen, Türkmen halk ertekilerine, halk döredijiligine öz tükeniksiz söýgimi bildirmek isledim. Ol ertekiler öz ellerine düşen güni, belki, türkmen okyjylary-da olara mynasyp baha bererler.

Azatlyk Radiosy: Kitabyň tehniki taraplary barada-da birki agyz aýdaýsaň?

A.Welsapar: Kitap ýüpek kagyzda, gaty daşly, gowy bezegli çykdy. Kitaby şwed hudožnigi bezedi. Esasy kynçylyk şwed suratçysyna türkmen reňklerini, türkmen milli koloritini düşündirmekde boldy.

Ýöne hudožnik öz işine gaty yhlasly ýapyşdy, onsoň netijesem gowy boldy. Ol hudožnik aýal bu kitaby bezeýän döwründe Türkmenistana, biziň halkymyzyň sungatyna gaýybana aşyk bolandygyny aýdýar. Bu-da kitabyň entek ile ýaýramanka gazanan ilkinji estetiki ýeňişleriniň biri bolsa gerek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG