Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe bilen Siriýa birek-biregi aýyplaýar


Reýhanly şäherinde amala aşyrylan partlama. 12-nji maý, 2013 ý.

Reýhanly şäherinde amala aşyrylan partlama. 12-nji maý, 2013 ý.

Türkiýäniň Siriýa bilen serhetdeş regionynda amala aşyrylan ulag partlamasyndan soňra Ankara bilen Damask birek-biregi aýyplap çykyş etdiler.

Türk häkimiýetleri şenbe güni Reýhanly şäherinde bolan waka bilen bagly Siriýanyň aňtaw gullugyna ilteşiklidir öýdülýän dokuz türk raýatynyň tussag edilendigini aýdýarlar.

Türkiýäniň maglumatyna görä, tussag edilenler hüjüme gatnaşandyklaryny boýun alypdyrlar.

Siriýanyň režimi Reýhanly şäherinde bolan hüjümi gurnandygyny iňkär edýär. Damask Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň türkleriň we siriýalylaryň ganynyň üstünde şöhrat gazanmakçy bolýandygyny aýdyp, ony wezipesinden çekilmäge çagyrdy.

"Gan alynar"

Stambulda eden çykyşynda Erdogan Türkiýäniň ar alyp biljekdigini duýdurdy: “Kimde-kim Türkiýä kast etjek bolsa, iru-giç munuň üçin jogap bermeli bolar. Ýene bir gezek ýatladýaryn, uly döwletler sowukganlylyk bilen hereket edýärler. Uly döwletler özüne garşy edilen erbetlikleriň jogabyny artykmajy bilen bererler. Emma bu işe wagty gelende amal ediler. Reýhanlyda öldürilen doganlarymyzyň, Siriýada öldürilen ýüzlerçe müň adamyň gany alnar”.

Erdogan NATO ýurtlarynyň we Türkiýäniň nähili jogap çäresini geçirjekdigi barada maglumat bermedi.

Reýhanly şäheri Türkiýäniň Hataý welaýatynda ýerleşýär. Ol ýerde Siriýadaky uruşdan gaçyp gelen, müňlerçe bosgunyň lageri hem bar. Türkiýe Siriýada iki ýyl töweregi wagt bäri hökümete garşy göreşýän gozgalaňçylaryň tarapyny tutýar.

Siriýanyň maglumat ministri Omran al-Zoabi ýekşenbe güni çykyş edip, “Siriýanyň bular ýaly hüjümleri hiç haçan amala aşyrmandygyny” aýtdy.

Türkiýäniň içeri işler ministri Muammer Guler çykyş edip, hüjümi Siriýanyň Muhabarat aňtaw gullugyna degişli adamlaryň amala aşyran bolmagynyň mümkindigini belledi.

Bu aralykda Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy toparynyň berýän magluamatlaryna görä, 2011-nji ýylyň martynda Başar al-Assada garşy başlanan konfliktde häzire çenli 82 müň töweregi adam öldürilipdir.

Bu toparyň maglumatlaryny başga garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG