Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şerif täze hökümeti düzmäge taýýar


“Pakistanyň musulman ligasynyň” lideri Nawaz Şerif, Lahor, 13-nji maý, 2013.
“Pakistanyň musulman ligasynyň” lideri Nawaz Şerif, Lahor, 13-nji maý, 2013.
Pakistanyň öňki premýer-ministri Nawaz Şerif saýlawlardan soň ýurduň täze hökümetini düzmäge taýýardygyny aýtdy. Bu saýlawlara, ”Talyban” tarapyndan amala aşyrylan zorlukly hüjümlere garamazdan, saýlawçylar örän aktiw gatnaşdylar.

Ýekşenbe günki ses berişligiň resmi däl netijelerine esaslanýan çaklamalara görä, täze parlamentde Nawaz Şerifiň “Pakistanyň musulman ligasy” atly partiýasy köpçülik bolar. Onuň partiýasynyň göni saýlanýan 272 orundan 130 orna eýe bolmagyna garaşylýar.

Şerifiň partiýasynyň 342 orunlyk parlamentde aýallar we dini azlyklar üçin niýetlenýän orunlaryň uly bölegini hem eýeläp, öz täsirini artdyrjakdygy çak edilýär.

Ilkinji netijeler

Saýlawlaryň netijeleri Nawaz Şerifiň ýurduň hökümetininiň baştutany hökmünde üjünji möhletiniň bosagasynda durandygyny aňladýar.

Şeýle-de, resmi däl netijelere görä, öňki kriket sportsmeni Imran Hanyň “Adalat ugrundaky hereketi” uly goldawa eýe bolupdyr. Bu bolsa onuň parlamentde täze bir syýasy güýji döredip biljegini görkezýär.

Koalisiýa boýunça ýaranlar “Pakistanyň halk partiýasy” we “Awami” partiýasy geçen bäş ýylyň dowamynda häkimiýet başynda bolan döwründe öz ses berijileriniň goldawyny ýitirene meňzeýärler.

Nawaz Şerif Lahorda eden çykyşynda syýasy güýçleri Pakistandaky problemalara garşy göreşmek üçin hyzmatdaşlyga çagyrdy. Şerif elektrik togunyň ýetmezçiligi, inflýasiýa we işsizlik ýaly kynçylyklary agzady.

Nawaz Şerifiň partiýasy biznesi goldamagy, regional hyzmatdaşlyga we goňşular bilen parahatçylygy saklamaklyga ýykgyn etmegi bilen tanalýar.

Şerifiň syýasaty

Yslamabatly žurnalist Zahid Hussain Şerifiň häkimiýet başynda Waşington bilen hyzmatdaşlyk etjegini we ”Talyban” hereketiniň zorluklaryna garşy durmak ugrunda hereket etjegini çaklaýar.

Hussain Nawaz Şerifiň golastynda Pakistanyň Waşington babatyndaky daşary syýasatynda uly bir üýtgeşikligiň boljakdygyna garaşmaýandygyny aýtdy. Ol 1993-1998-nji ýyllarda Nawaz Şerifiň premýer-ministr bolan döwründe ýurduň ABŞ bilen gatnaşykda bolandygyny ýatlatdy.

Şol bir wagtda-da, Husseýniň pikirine görä, Nawaz Şerifiň Pakistanyň Owganystan babatyndaky syýasatynda uly bir täsiri bolmaz. Husseýn “bu syýasaty, hökümetiň razylygy bilen, ýurduň ýaragly güýçleriniň alyp barjakdygyny” aýdýar.

Pakistanyň Waşingtondaky öňki ilçisi Tarik Fatmi Nawaz Şerif Owganystanda parahatçylyk prosesini goldar diýip pikir edýär.

63 ýaşly Şerif Penjab welaýatyndan bolan tütjar baý, polat öndüriji. Ol köp ýyllaryň dowamynda Pakistanyň syýasy ýolbaşçylygynda täsirli şahslaryň biri bolup galýar.

Şerif Pakistan özüniň ilkinji ýadro ýaragynyň synagyny geçirende, häkimiýet başyndady. Ol 1999-njy ýylda general Perwez Muşarrafyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan harby agdarylyşygy netijesinde wezipesinden çetleşdirilipdi.

Nawaz Şerif ençeme ýyllap sürgünlikde bolup, 2007-nji ýylda ýurda dolandy. Onuň syýasy partiýasy 2008-nji ýylyň saýlawlarynda ikinji orny alypdy.
XS
SM
MD
LG