Sepleriň elýeterliligi

Phenýan: Goranmak ministr çalşyldy


Demirgazyk Koreýada bu wezipede bary-ýogy alty aý oturan ýurduň goranmak ministri öz wezipesinden boşadyldy. Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy täze goranmak ministri Jaň Joň Namyň bellenendigini habar berýär.

Ozalky ministr Kim Kýok Sik, 2010-njy ýylda Günorta Koreýa garşy hüjüme geçmäge buýruk berendigi sebäpli, käbir synçylar tarapyndan garadangaýtmaz adam hasaplanýardy. Kim goranmak ministriniň wezipesine geçen ýylyň noýabr aýynda bellenipdi.

Täze ministr, kommunist lider tarapyndan dolandyrylýan Demirgazyk Koreýa ýadro synaglaryny geçirip, regiondaky dartgynlygy ýitileşdirensoň, munuň yzysüre öz wezipesine bellendi.
XS
SM
MD
LG