Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Orleansda 19 adam ýaralandy


ABŞ-nyň Nýu-Orleans şäheriniň polisiýa häkimiýetleriniň berýän habaryna görä, Eneler gününe bagyşlanyp geçirilen paradda 19 adam atylyp ýaralanypdyr.

Ýekşenbe güni amala aşyrylan şol wakada adam ýitgisiniň bolmandygy, emma käbir ýaralananlaryň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

Federal derňew gullugy bu wakany terrorçylyk bilen baglanyşdyrmaýandygyny aýtdy. Edaranyň sözçüsi bolsa oňa “Nýu-Orleans şäheriniň köçesinde amala aşyrylan dartgynlylyk akty” hökmünde baha berdi.

Hüjümiň amala aşyrylmagynyň sebäplerini dessine anyklamak başartmady. Polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, şol wakada 10 ýaşlaryndaky bir gyzjagaz we oglan bilen bilelikde, jemi 10 erkek adam we ýedi zenan ýaralanypdyr.

Aýdylyşyna görä, hüjümlere gatnaşygy bolandyr öýdülýän üç adam polisiýa tarapyndan gözlenilýär. Hüjümiň geçirilen ýerinde şol wagt 400 adamyň bolandygy çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG