Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Polisiýa başlygyna hüjüm edildi


Pakistan häkimiýetleriniň habar bermegine görä, ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Baluçistan welaýatynyň polisiýasynyň ýolbaşçysy janyndan geçen awtomobil sürüjisiniň amala aşyran bomba partlamasynyň pidasy bolmagyň bäri ýanyndan gaýdypdyr.

Resmileriň aýtmagyna görä, welaýatyň paýtagty Kwetta şäherinde ýekşenbe güni amala aşyrylan bu partlamada alty adam heläk bolup, ýene-de 40 adam ýaralanypdyr.

Polisiýa işgärleri derňewçi-general Muştak Suheranyň öýüne giren pursaty onuň rezidensiýasynyň daşynda bombanyň partlandygyny we oňa hiç hili zeperiň ýetmändigini gürrüň berýärler.

Maglumatlara görä, wakada alty adam heläk bolupdyr: olardan ikisi polisiýa işgäri, üçüsi harby esger we biri-de ýoldan geçip barýan ötegçi bolup çykypdyr.

Habar berlişine laýyklykda, bombanyň partlan ýerinde çuňňur oý emele gelipdir we bomba partlamasynyň sesi tutuş şähere ýaň salypdyr.

Häzire çenli bu partlamanyň jogapkärçiligini boýun alan bolmady. Owganystandyr Eýran bilen araçäkde ýerleşýän Baluçistanda ozal yslamçy söweşijiler, buluç milletli seperatistler, sünni dini ekstremistler ýaly toparlar şeýle hüjümleri geçiripdiler.
XS
SM
MD
LG