Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede 46 adam heläk boldy


Türkiýäniň Siriýa bilen serhetýaka etraplarynyň birinde maşynda ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan 46 adam ölüp, onlarça adam ýaralandy. Häzirki döwürde bu waka bilen baglanyşykly iki goňşy ýurt biri-birini aýyplaýar.

Türkiýäniň häkimiýetleri, Siriýanyň aňtaw gulluklary bilen ilteşikli güman edilip, Reýhanly şäherinde Türkiýäniň dokuz raýatynyň tussag edilendigi habar berýärler.

Türkiýe şübhe bildirilýänleriň hüjümlere özleriniň ilteşiginiň bardygyny boýun alandyklaryny aýdýar. Siriýa ýekşenbe güni amala aşyrylan şol bomba hüjümlerine hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny tekrarlap, türkler bilen siriýalylaryň bilelikde dökülen ganyndan şöhrat gazanmaga synanyşmakda aýyplap, Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogany wezipesinden çekilmäge çagyrdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Erdogan bolsa, Stambulda eden çykyşynyň dowamynda Türkiýäniň bu hüjüm üçin ar aljakdygyny aýdyp duýduryş berdi. Emma ol Ankaranyň Siriýanyň graždanlyk urşuna goşulmakdan gaça durjakdygyny hem belledi.

Şeýle-de Türkiýe Siriýadaky gozgalaňçylary goldaýandygyny mälim edip, ýurduň hökümetini wezipesinden çekilmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG