Sepleriň elýeterliligi

Konserwatiwler Kamerony ýazgarýarlar


Britaniýanyň goranmak ministri Filip Hammond ýurduň ÝB-den çykmagyny goldaýan ikinji hökümet resmisi boldy. Hammond ýekşenbe güni beren interwýusynda premýer-ministr Dewid Kamerona ÝB-den çykmazdan ozal Britaniýanyň agzalýan guramadan käbir ygtyýarlyklaryny ýurduň özüne gaýtaryp almaga mümkinçilik berilmelidigini aýtdy.

Bilim ministri Maýkl Guw Britaniýanyň ÝB-e agzalykdan çykmaklygyny eýýäm goldap çykyş edipdi. Britan hökümetiniň konserwatiw partiýasy ÝB babatda Kamerona garşylyk bildirýär. Ýurduň 100-e golaý konserwatiw kanunçykaryjylary hökümetiň ÝB-e agzalyk babatynda referendum esasynda ses berişligiň netijesini göz öňünde tutmazdan, geljek üçin öz maksatlaryny kesgitländigini tankyt edýärler.

Mälim bolşuna görä, şol kanunçykaryjylaryň, çarşenbe güni bu babatda ses berlişik geçirip, Kameronyň halkyň pikirine garaşman, öz ýol kartasyny görkezýän syýasatyny yglan etmegini “ýazgaryp” ses berjekdigi aýdylýar.

Kameron bolsa özüniň partiýasynyň 2015-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda bu referendumyň 2017-nji ýylda geçirilmegini teklip etdi
XS
SM
MD
LG