Sepleriň elýeterliligi

Oýun bar - janköýer ýok


HTTU we "Ahal" komandalarynyň duşuşygyna gelen tomaşaçylar. 30-njy aprel, 2013 ý.

HTTU we "Ahal" komandalarynyň duşuşygyna gelen tomaşaçylar. 30-njy aprel, 2013 ý.

Şu günler Türkmenistanyň futbol boýunça ýokary ligasynyň çempionatynyň duşuşyklary dowam edýär. Bu duşuşyklaryň guramaçylygynda käbir kemçilikleriň bardygyna garamazdan, olara tomaşa edýän janköýerler az hem bolsa, bar.

5-10 müň adama niýetlenilip gurlan bu standionlarda geçirilýän ýaryşlara tomaşa etmek üçin barýanlaryň sany ujypsyzja bolup, olaryň arasynda “Aşgabat”, “Balkan” ýaly güýçli komandalaryň duşuşyklaryna barýan adamlaryň sanynyň ep-esli bolýandygyny 37 ýaşly futbol janköýeri Ahmet gürrüň berýär.

Amatsyz wagt

“Aşgabat” komandasynyň janköýeri Ahmet ýaryşa tomaşa etmäge barýan adamlaryň az bolmagynyň bir sebäbini duşuşyklaryň geçirilýän wagtynyň amatsyzlygyndan görýär.

"Altyn Asyr" we "Ahal" komandalarynyň duşuşygyna gelen tomaşaçylar.

"Altyn Asyr" we "Ahal" komandalarynyň duşuşygyna gelen tomaşaçylar.

Onuň aýtmagyna görä, eger ýaryşlar sagat 19-da, ýagny adamlaryň gündelik iş-aladasyndan boşaşan wagtlarynda geçirilse, adamlaryň futbol duşuşyklaryna köpräk barmagy mümkin. Häzirki wagtda bu ýaryşlar sagat 17.00-da ýa-da 18.00-da başlanýar.

Ýaryşlaryň şol wagtda başlanmagy diňe dürli edaralarda işleýän adamlaryň stadiona barmagyna däl, adaty adamlar üçin hem kynçylyk döredýär. Meselem, sagat 17-00-da Aşgabatda howa yssy. Bu tomaşaçylaryň az bolmagynyň ýene bir sebäbi.

“Elbetde, yssy howada ýaryşlaryň geçirilmegi diňe tomaşaçylar üçin däl, futbolçylara hem amatly däl” diýip, özüni Guwanç diýip tanadan “Altyn asyr” futbol komandasynyň janköýeri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda daşary ýurtlardaky ýaly futbol komandalarynyň janköýerleriniň fan-klublary hem ýok. Futbol duşuşyklary başlamanka stadionlaryň girelgesinde komandalaryň nyşanlary bolan egin-eşik hem satylmaýar.

Hatda duşuşyklarda oýnaýan komandalaryň düzümi ýazylan bukletler hem ýok. Bu hem ýaryşlaryň guramaçylygynda göýberilýän adaty ýalňyşlyk bolup, ol bu ýaryşlaryň halkara standartlaryna gabat gelmegine päsgelçilik döredýän problemalardan biri.

"Aktiw" janköýerler

Ýöne, muňa garamazdan, käbir komandalaryň janköýerlerini olaryň aktiwliginden tanasa bolýar. Aýratyn-da “Balkan” komandasynyň janköýerleri has-da aktiw janköýerlik edýärler. Bu komandanyň janköýerleri öz komandasynyň her bir üstünligini uly şowhun bilen garşylaýarlar.

"Balkan" komandasynyň oýnuna tomaşa etmäge gelen janköýerler.

"Balkan" komandasynyň oýnuna tomaşa etmäge gelen janköýerler.

Balkan welaýatynyň bu çempionata gatnaşýan “Balkan” we “Şagadam” komandalarynyň öz meýdançalarynda geçirýän duşuşyklarynyň has-da şowhunly bolýandygyny futbol janköýerleri gürrüň berýärler.

“Kämahal bu şowhun bidüzgünçilige hem getirýär. Mysal üçin, olar garşydaş komandalaryň oýunçylaryna daş hem zyňýarlar” diýip, “Aşgabat” komandasynyň janköýeri Ahmet Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Paýtagtda geçirilýän futbol duşuşyklary Aşgabadyň “Köpetdag” satadionynda we “Aşgabat” stadionynyň türgenleşik meýdançalarynda geçirilýär. Dürli kynçylyklara garamazdan, futbol boýunça geçirilýän bu milli ýaryş dowam edýär.

Her ýyl geçirilýän bu ýaryşyň tomaşaçylarynyň sany artýar. Emma bu ýaryryşyň geçirlişi guramaçylyk taýdan o diýen ýokary däl. Aprel aýynyň 12-sinde başlanan bu ýaryş şu ýylyň ahyrlarynda tamamlanar.

Ýaryşyň netijesi hakda nähilidir bir çaklama ederden entek ir. Emma edil şu günüň netijesi boýunça HTTU we Merw komandalary 18 oçko bilen öňde barýarlar.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG