Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafyň tussaglyk möhleti uzaldyldy


Pakistanyň sudy ýurduň ozalky lideri Perwez Muşarrafyň öý tussaglyk möhletini ýene-de 14 gün uzaltdy. Muşarraf ozalky premýer-ministr Benazir Bhuttonyň janyna kast etmek bilen baglylykda aýyplanýar.

Benazir Bhutto 2007-nji ýylyň dekabrynda, parlament saýlawlarynyň kampaniýasy döwründe öldürilipdi. Muşarraf onuň howpsuzlygyny ýeterlik derejede üpjün etmändigi üçin aýyplanýar.

Muşarraf özüne bildirilýän aýyplamalary iňkär edýär.

Muşarraf başga-da bir iş boýunça, ýagny 2007-nji ýylyň noýabrynda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edip, ýokary derejeli sudýalary wezipesinden aýyrmakda hem aýyplanýar.

Muşarraf dört ýyl bosgunlykdan soňra, mart aýynda Pakistana dolanyp barypdy. Ol parlament saýlawlaryna gatnaşmakçy bolupdy.
XS
SM
MD
LG