Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow “youtube” barada çykyş etdi


Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow respublikada “youtube” websaýtynyň täzeden açylmagyna garşy däldigini aýtdy.

Sernowodsk şäherinde eden çykyşynda Kadyrow “youtube” websaýtyny “musulmanlaryň arasyny bölmek isleýän radikallara jogap bermek üçin” ulanyp boljakdygyny belledi.

Geçen ýylyň iýulynda paýtagt Groznynyň sudy, ABŞ-da döredilen “Musulmanlaryň günäsizligi” atly anti-musulman filimden soň, “youtube” websaýtyny petiklemek barada karar çykarypdy.
XS
SM
MD
LG