Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan harby türgenleşik geçirýär


Azerbaýjan ermenileriň agdyklyk edýän Daglyk-Garabag regionynyň golaýynda harby türgenleşik çärelerine başlady.

Ýurduň Goranmak ministrligi sişenbe güni beýanat ýaýradyp, türgenleşiklere goranmak ministr Safar Abyýewiň hut özüniň ýolbaşçylyk edýändigini mälim etdi.

Hepdäniň ahyryna çenli dowam etjek türgenleşiklerde ýer we howa harby güýçleriniň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Geçen hepde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew çykyş edip, özüniň territorial özygtyýarlygyny dikeltmek, şeýle-de Daglyk-Garabag meselesini Halkara kadalaryna laýyklykda çözmek isleýändigini mälim edipdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistan Daglyk-Garabag meselesi boýunça 20 ýyldan gowrak wagt bäri dawalaşýar.
XS
SM
MD
LG