Sepleriň elýeterliligi

“AP”-nyň telefon ýazgylary ele geçirildi


“The Associated Press” habar agentligi ABŞ-nyň Adalat departamentiniň özüniň habarçylarynyň we redaktorlarynyň telefon gepleşiklerini gizlin ele geçirendigini aýdýar. Habar gullugy muny medianyň işine “köptaraplaýyn we görlüp-eşidilmedik derejedäki gatyşmaklyk” diýip atlandyrdy.

“The Associated Press” habar agentliginiň prezidenti Gary Pruitt baş prokuror Erik Holdere ýollan hatynda, hökümetiň isledik derňew işiniň muny aklap bilmejekdigini aýtdy.

Mundan ozal, ABŞ-nyň resmileri 2012-nji ýylyň 7-nji maýynda “The Associated Press” habar agentliginde Ýemendäki harby operasiýalar baradaky çap bolan maglumatlary kimiň syzdyryp bilendigini anyklamak üçin, derňewiň gidýändigini aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG