Sepleriň elýeterliligi

Rus-gürji urşy derňeler


2008-nji ýylyň awgustynda Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda bolan gysga wagtlaýyn urşy derňemek üçin ýörite komissiýa döredildi.

Gürjüstanyň baş prokurory Arçil Kbilaşwili sişenbe güni çykyş edip, sekiz adamdan ybarat toparda Prokuraturanyň, Içeri işler ministrligiň, Harby polisiýanyň öňdebaryjy wekilleriniň bardygyny mälim etdi.

Kbilaşwili toparyň “uruş döwri we ondan soňra amala aşyrylyp bilnen jenaýat işlerini” seljerjekdigini aýtdy.

Geçen aý premýer-ministr Bidzina Iwanişwli uruş bilen bagly prezident Mihaýil Saakaşwiliniň hem resmi taýdan sorag edilmeginiň mümkindigini aýdypdy.

Konfliktden soň, Russiýa Gürjüstanyň seperatist Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlarynyň garaşsyzlygyny ykrar edipdi.
XS
SM
MD
LG