Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Partlamada üç adam öldi


Owganystanyň Helmand welaýatynda köp adamly bazaryň golaýynda amala aşyrylan motosiklet partlamasynda azyndan üç adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy.

Ýerli häkimligiň metbugat wekili Omer Zawakyň maglumatyna görä, partlama sişenbe güni irden Safar obasynyň bazarynda ýüze çykypdyr.

Zawak adam pidalaryň sanynyň köp bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Polisiýa ýaralananlaryň arasynda dört çaganyň hem bardygyny aýdýar. Olaryň ýagdaýy agyr bolmagyna galýar.

Helmand welaýatynda söweşijiler ýygy-ýygydan hüjümleri amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG