Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň maslahatyny boýkot etmekçi


ABŞ-nyň Kongressiniň jaýy, Waşington, 2013.
ABŞ-nyň Kongressiniň jaýy, Waşington, 2013.
Waşington, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýaragsyzlanmak boýunça konferensiýasynyň ýolbaşçylygy gezekleşige laýyklykda üstümizdäki aýda Eýrana geçende, öz ilçisiniň bu organyň duşuşyklaryny boýkot etjekdigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň BMG-däki missiýasynyň sözçüsi hanym Erin Pelton duşenbe güni giçlik Nýu Ýorkda Eýranyň 27-nji maýda başlanýan dört hepdelik gezekleşikli prezidentligi "şowsuz we ýokary derejede ýaraşyksyz", bu iş konferensiýanyň öz "maksatlaryna we niýetlerine hem ters gelýär" diýdi.

Hanym Pelton şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Atom energiýasy boýunça halkara gullugynyň borçlaryny gödek bozýan bir ýurda BMG-niň organlarynda formal ýa dabaraly orunlara ýol berilmeli däldigini belledi.

Ýaragsyzlanmak boýunça konferensiýa

Birleşen Milletler Guramasynyň ýaragsyzlanmak baradaky konferensiýasynda ýadro ýaraglaryndan dynmak, ýaraglaryň töwerek-daşa ýaýramagynyň öňüni almak, köpçülikleýin gyrgynçylykly beýleki ýaraglaryň döredilmegini duruzmak boýunça bir ylalaşyk ugrunda tagalla edilýär.

Özüniň uran baýlaşdyrmak programmasyny duruzmagy ret edýänligi üçin Birleşen Milletler Guramasy we beýleki käbir döwletler tarapyndan Eýranyň garşysyna sanksiýalar girizildi. Günbatar Eýrany atom ýaragyny öndürmek mümkinçiligine eýe bolmaga synanyşmakda güman edýär. Tähran bolsa öz atom programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini aýdýar.

Mundan daşgary, Birleşen Ştatlar bilen Ýewropa Eýrany BMG-niň ýarag eksportirlemek baradaky embargosyny bozup, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada gozgalaňçylary ýeňmek ugrundaky synanyşyklarynda kömek edýänlikde aýyplaýarlar. Siriýada al-Assady agdarmak üçin iki ýyl bäri graždanlyk urşy barýar.

Eýranyň nobaty

Ženewada geçýän ýaragsyzlanmak baradaky konferensiýanyň ýolbaşçylygyny Eýran 27-nji maýdan 23-nji iýuna çenli öz üstüne alar. Bu konferensiýa ýolbaşçylyk 65 agza döwletiň arasynda elipbiý tertibi boýunça gezekleşilip ýerine ýetirilýär.

Sowuk uruş döwründe ýaraglanyşyk ýaryşyny jylawlamak üçin 1979-nji ýylda ýola goýlan konferensiýa dünýäniň ýaragsyzlanmak baradaky iň möhüm forumydyr. Bu ograna ýolbaşçylyk juda dabaraly hem Birleşen Milletler Guramasynda abraýly orun hasaplanýar.

Eýran prezidentligi Indoneziýadan alyp, iýun aýynyň aýagynda Yraga tabşyrar.
XS
SM
MD
LG