Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Konserwatorlar Rafsanjanyny tankytlaýar


Eýranyň ozalky prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjany prezidentlik saýlawlaryna ýazga durýar.
Eýranyň ozalky prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjany prezidentlik saýlawlaryna ýazga durýar.
Eýranyň öňki täsirli prezidenti Ali Akbar Heşemi Rafsanjany, 14-nji iýunda geçjek prezidentlik saýlawlaryna soňky salymda öz kandidatlygyny görkezenden soň, häkimiýet başyndaky toparyň ýiti tankydyna uçrady.

Ençeme aýlap dowam eden pikir ýöretmelerden we çakalamalardan soň 78 ýaşly Rafsanjanynyň soňky salymda özüni dalaşgär hökmünde hasaba aldyrmagy onuň bäsdeşlerini aňk-taňk etdi.

Ýurduň Ýokary ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýä ýakyn durýan konserwatiwler we döwletiň eýeçiligindäki media onuň syýasata täzeden dolanmak mümkinçiligine ýaňsy we dürli aýyplamalar bilen jogap berdiler.

Aram konserwatiw hasaplanýan Rafsanjany mekir syýasatçy diýen şöhrata eýe. Bir tarapdan ol Eýranyň yslam režiminiň düýbüni tutanlaryň biri. Teokratiýanyň içinde hem ýokary wezipesi bar. Beýleki tarapdan bolsa, ol "Eýran krizis içinde" diýmek we syýasy tussaglaryň tiz boşadylmagyna çagyrmak bilen, konserwatiwleri gaharlandyrdy.

Skot Lukas Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinde Eýran boýunça ekspert. Onuň pikiriçe, Rafsanjany özüni ýurdy birleşdirip, Eýranyň problemalaryna çözgüt tapyp biljek bir tejribeli syýasy şahsyýete öwürmäge synanyşýar.

"Güýçli dalaşgär"

"Rafsanjany ýagdaýdan närazy toparlaryň hemmesiniň diýen ýaly kandidaty bolýar. Onuň öz goldawçylary 2005-nji ýylda onuň prezident Mahmud Ahmedinejaddan utulanyndan närazy. Ahmedinejadyň hökümetinden närazy aram konserwatiwler-de bar. Şeýle hem ol 2009-njy ýyldan bäri çekip gelýän zulum-sütemleri sebäpli ýagdaýdan närazy reformaçylaryň we hatda oppozision ”Ýaşyl herekete” degişli käbir adamlaryň-da kandidaty bolup bilýär" diýip, Lukas aýdýar.

Lukasyň garaýşyça, Rafsanjanynyň alyp baran syýasaty - şol sanda ykdysadyýeti liberallaşdyrmagy, Günbatar bilen gowy gatnaşyk saklamagy, Eýranyň saýlawly organlaryny güýçlendirmegi - ony eýranly saýlawçylaryň aglabasy üçin gyzykly dalaşgär eder.

1989-njy ýyldan 1998-nji ýyla çenli Eýrana prezidentlik eden Rafsanjany prezidentlik ýaryşyna goşulaly bäri 12-nji maýda beren ilkinji beýanatynda häzirki "daşary ýurtlardan abanýan howp we sanksiýalar" döwründe özüniň "ykdysady we syýasay" täzeden döreýiş ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Öňki reformaçy prezident Mohammad Hatemi hem Rafsanjanynyň kandidatlygyny amatly "milli pursat" diýip atlandyryp, reformaçylary hem aram güýçleri agzybirlik bilen onuň yzyna eýermäge çagyrdy.

Konserwatiwler

Lukas Rafsanjanynyň kandidatlygy Ýokary ruhy lidere sadyk konserwatiw kandidatlar üçin saýlawlarda kynçylyk döreder diýen pikirde.

"Häkimiýet başyndaky toparyň ýa iň bärkisi Ýokary ruhy ýolbaşçynyň ýakyn töweregine degişli adamlaryň getirýän esasy delili - iýunda prezident bolmaly mynasyp kandidatyň gatnaşmagyndaky aç-açan saýlawlary isleýändikleridi. Ýöne olar bu kandidaty tapyp bilmediler. Şol sebäpden Rafsanjana ýol açylyp, ol özüni öňe sürdi. Meniň pikirimçe, häzirki wagtda halkyň goldawyny gazanmakda baş kandidat şol. Bu işi edip biljek ýeke-täk kandidat şol bolsa gerek" diýip, Lukas aýdýar.

78 ýaşly Rafsanjanynyň kandidatlygy onuň täsin ýagdaýda syýasy sahna dolanmagydyr. 2009-njy ýylda hökümetiň protestleri gazaply basyp ýatyrmagyny ýazgaraly bäri, Rafsanjany konserwatiwleriň we Ýokary ruhy ýolbaşçynyň özi tarapyndan hem tankyt astyna alyndy.

Geçen dört ýyllykda oňa Tähranyň juma namazyna ymamlyk etmek gadagan edildi. Ol Bilermenler ýygnagyndaky ýolbaşçylyk roluny ýitirdi. Geçirilýän köpçülikleýin çärelerde hem soňky ýyllarda oňa açyk hüjüm edilip gelindi.
XS
SM
MD
LG