Sepleriň elýeterliligi

Maliýe hemaýatly ykdysady bilim


Maliýe kömegine ýüzlenmek üçin niýetlenen anketa

Maliýe kömegine ýüzlenmek üçin niýetlenen anketa

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde ýerleşýän ÝHHG-niň Akademiýasy ykdysadyýet ugry boýunça bilimini kämilleşdirmek isleýän merkezi aziýaly talyplara maliýe hemaýatly ýörite programmany hödürleýär. Azatlyk Radiosy bu programma dogrusynda ÝHHG-niň Akademiýasynyň ylmy işler boýunça ýolbaşçysy Çolpon Osmonalyýewa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Çolpon, ilki bilen edaraňyzyň hödürleýän stipendiýasy barada gysgajyk gürrüň beräýseňiz.
Çolpon Osmonalieýewa: Gysgaça aýdylanda, bu programma häzirki wagtda ykdysadyýet pudagynda işleýän we bu ugurdan bilimini artdyrmak isleýän ýaş spesialistlere niýetlenen.
Azatlyk Radiosy: Kandidatlardan edilýän talaplar nämelerden ybarat?
Çolpon: Ilki bilen kandidatlaryň ykdysadyýet ugrunda ýokary bilimi bolmaly. Ikinjiden iňlis dilinde okamak üçin olaryň iňlis diliniň derejesi ýokary bolmaly. Talaplaryň ýene biri, dalaşgärler 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli 32 ýaşdan uly bolmaly däl.
Bu programma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň ýagny, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenen. Şeýle-de bu stipendiýa belli bir möçberde Owganystanyň raýatlaryna-da berilýär.
Azatlyk Radiosy: Dokumentleri tabşyrmagyň soňky möhleti haçan?
Çolpon: Biziň akademiýamyzyň websahypasynda ýerleşdirilen bildirişde ýörite anketa bar. Isleg bildirýänler şol anketany kompýuterlerine ýükläp doldurmaly. Ondan soň bildirişde görkezilen e-mail adrese ýaňky anketany, özleriniň ýokary bilimi baradaky diplomlarynyň nusgasyny we okuw döwri gazanan bahalarynyň nusgasyny ugratmaly.
Dokumetleri tabşyrmagyň soňky möhleti şu ýylyň 15-nji awgusty diýip bellenen.
Azatlyk Radiosy: Çolpon, stipendiýany gazanmak boýunça yglan edilen bäsleşik nähili synaglary öz içine alýar?
Çolpon: Synaglaryň birinji tapgyry kandidatlaryň tabşyran dokumentlerini gözden geçirmekden ybaratdyr. Birinji synagdan geçenler iňlis dili testini tabşyrmaly bolarlar. Bu synag Türkmenistandan başga agzalan ýurtlaryň ählisinde geçiriler.Ondan soň kandidatlar ykdysadyýet baradaky bilimini barlaýan testden geçmeli bolarlar.
Bu iki synagy üstünlikli tabşyran kandidatlar interwýudan geçmäge çagyrylarlar. Interwýu bilen synaglaryň netijeleri esasynda saýlanan kandidatlar okuwa kabul edilmäge teklip edilerler.
Azatlyk Radiosy: Ýaňy hem belläp geçişiňiz ýaly synaglar Türkmenistandan başga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde geçirilýär. Eýsem, türkmenistanly talyplar bu synaglara nähili gatnaşyp bilerler?
Çolpon: Adatça, Gyrgyzstanda ýaşaýan türkmen raýatlary bu testleri Bişkek şäherinde tabşyrýarlar. Türkmenistandaky kandidatlaryň Bişkeke ýa-da biziň testleri geçirýän ýerlerimize barmaga mümkinçiligi bolmasa biz synaglary internet arkaly geçirip, interwýu üçin olar bilen Skype arkaly baglanyşýarys.
Azatlyk Radiosy: Çolpon, siziň aýtmagyňyza görä, türkmenistanly kandidatlaryň siziň testleri geçirýän ýerleriňize ýagny beýleki ýurtlara baryp ekzamenleri tabşyrmaga mümkinçiligi bar, şeýlemi?
Çolpon: Hawa, eger olar bu çykalga amatly bolar diýseler onda biz beýle mümkinçiligi döredip bileris.
Azatlyk Radiosy: Çolpon, diňleýjilermizi has köp gyzyklandyrýan soraglaryň ýene biri, bu stipendiýa nähili harajatlary öz içine alýar?
Çolpon: Bu ýerde belläp geçilmeli zat, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň akademiýasy kandidatlaryň beýleki ýurtlara baryp ekzamenleri tabşyrmak bilen bagly edilen çykdajylary tölemeýär.
Stipendiýanyň hödürleýän maliýe kömegi bolsa şulardan ybarat: her talyba aýda 180 ýewro möçberinde stipendiýa beriler, Gyrgyzystanyň raýatlary bolmadyk talyplara kireýine jaý almak üçin 95 ýewro beriler we olaryň saglyk ätiýaçlygy tölener. Ondan başga-da çagasy bolan studentlere her çagasy üçin 15 ýewro töweregi maliýe goldawy beriler.
XS
SM
MD
LG