Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Şerifi ýeňiş bilen gutlady


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Pakistanyň “Musulman Ligasy” partiýasynyň başlygy Nawaz Şarifi onuň partiýasynyň parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady.

Telefon arkaly eden bu gutlagynda Barak Obama Pakistanda häkimiýetiň parahatçylykly ýol bilen geçiş prosesinde Nawaz Şarifiň oýnajak roluna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Şu geçen şenbe güni Pakistanda geçirilen parlament saýlawlarynda Pakistanyň ozalky premýer-ministri Nawaz Şarifiň “Musulman Ligasy” partiýasy parlamentdäki orunlaryň köplügine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş Nawaz Şarifiň indi Pakistana üçülenji gezek premýer-ministrlik etjekdigini aňladýar.

Pakistanyň saýlaw komissiýasy şenbe günki parlament saýlawlaryna ses bermäge hukukly 86 milliona golaý ses berijilerden 60 prosente golaýynyň ses bermäge gatnaşandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG