Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ABŞ-ny içalyçylykda aýyplaýar


Orsýetiň prezident administrasiýasynyň metbugat wekili Dmitriý Peskow amerikan diplomatynyň ýakynda içalyçylykly işler bilen dahylly tutulmagynyň we ýurtdan çykarylmagynyň iki ýurduň gatnaşyklarynyň gowulanmagyna ýardam etmeýändigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, sişenbe güni Orsýetiň döwlet telewideniýesi Raýan Kristofer Foglyň orsýetli bir howpsuzlyk ofiserini içalyçylyk işine çekmek synanyşygynda ele salnandygyny görkezýän wideo kadrlary efire berdi.

Bu waka bilen baglanyşykly çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçisi Maýkl MkFaul Orsýetiň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýörite gürrüňdeşlige çagyryldy. Maýkl MkFaul bu bolan waka barada žurnalistlere kommentariýa bermekden saklandy.

Orsýet içalyçylyk synanyşygynda aýyplanyp, ýurtdan çykarylan Raýan Kristofer Foglyň amerikan ilçihanasynyň syýasy bölüminiň üçünji sekretary hökmünde iş alyp barandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG