Sepleriň elýeterliligi

Muhammedow: Kanunyň yza hereket etmäge güýji ýok


Orsýetde ýaşaýan türkmen žurnalisti Batyr Muhammedow.

Orsýetde ýaşaýan türkmen žurnalisti Batyr Muhammedow.

Türkmenistanyň milli pasportlaryň täze görnüşine geçmesi bilen baglylykda goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň uçraýan problemalarynyň kanunyň nukdaýnazaryndan nähili aýratynlyklary bar?

Azatlyk Radiosy Orsýetde ýaşaýan türkmen žurnalisti we ýurist Batyr Muhammedow bilen bu ugurdan söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýet arasynda goşa raýatlyk ylalaşygy 2003-nji ýylda ýatyrylypdy, ýöne bu mesele şu günki güne çenli problema bolup galýar. Muňa näme sebäp bolýar diýip pikir edýärsiňiz?

Batyr Muhammedow: Meniň pikirimçe, bu meseläniň daşyndaky aladalanmalar, esasan, türkmen tarapynyň goşa raýatlygy ýatyrmagy netijesinde adamlaryň ýurduň daşyna çykmak mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigi bilen bagly.

Türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň täze pasport almagy üçin olary orsýet pasportyndan ýuz öwürmegini talap etmekleri köp ýyllap üzňelik syýasatyny alyp baran ýurduň bu syýasatyny mundan beýläk-de dowam etdirmek niýetiniň bardygy barada pikir döredýär. Bu bolsa türkmen hökümetiniň abraýyna zyýan ýetirýär, diýip pikir edýärin. Bu häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň halkara kanunlaryny äsgermeýändigini we öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan goşa raýatlyk meselesinde-de, muňa degişli içerki düzgünlerinde-de milli kanunlara we halkara kadalaryna laýyklykda hereket edýändigini aýdýar. Türkmenistan goşa raýatlygy ýatyrmak barada 2003-nji ýylda ylalaşyga gol çekipdi. Onda Türkmenistanyň hereketleri nähili kanunlary bozýar?

Batyr Muhammedow: Hawa, dogrudanam, 2003-nji ýylyň aprel aýynda şol wagtky prezidentler Nyýazow we Putin öz wagtynda baglaşylan goşa raýatlyk baradaky ylalaşygy ýatyrmak boýunça protokola gol goýdular. Türkmenistanda ol Mejlis tarapyndan tassyklandy we güýje girizildi. Orsýet bolsa gol çekmek bilen çäklendi, emma [bu kanun] milli parlamentde (Döwlet Dumasynda) tassyklanmady. Şeýle ýagdaýda, halkara kanunlaryna görä, 1993-nji ýylda gol çekilen ylalaşyk güýjünde galýar diýip hasaplamak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň, goşa raýatlyk boýunça ylalaşyk ýatyrylyp, ol milli Mejlisde ykrar edilensoň, bu meselede öz kanunlaryna görä hereket etmäge haky ýokmy?

Batyr Muhammedow: Onda bu Türkmenistanyň öz kanunlaryny halkara kanunlaryndan öňde goýýandygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy: 2003-nji ýylda goşa raýatlyk boýunça ylalaşygyň ýatyrylýandygy barada dokumente gol çekilensoň, näme üçin Orsýet tarapy Türkmenistanyň raýatlaryna öz pasportlaryny bermek işini dowam etdirdi diýip pikir edýärsiňiz?

Batyr Muhammedow: Orsýet tarapy bu ylalaşygy ýatyrmak barada Türkmenistan bilen protokola gol çeken hem bolsa, ony milli parlamentde tassyklamady. Şeýlelikde onuň türkmenistanlylara 2003-nji ýyldan soňam rus raýatlygyny bermek işini dowam etdirmegi halkara kanunlaryna ters gelmeýär.

Azatlyk Radiosy: Käbir maglumatlarda häzirki wagtda Türkmenistanda Orsýetiň pasportlaryna eýe bolan türkmenistanlylaryň aglaba böleginiň türkmenlerdigi aýdylýar. Siziň pikiriňizçe, türkmenleriň orsýet pasportyna eýe bolmak islegerine näme sebäp boldy?

Batyr Muhammedow: Bu Türkmenistanyň raýaty bolmaklygyň meşhur däldigini görkezýär, diýip pikir edýärin. Adamlar özlerine garantiýa berilmegini isleýärler. Köpler ýurduň syýasatynyň haýsy tarapa gitjegini bilmän, öz geljeginden howatyrlanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda orsýet raýatlygyny alan adamlar näme üçin türkmen pasportyny hem saklap galmaga çalyşýarlar?

Batyr Muhammedow: Bu gumanitar sebäpler bilen bagly diýip pikir edýärin. Häkimiýetler raýatlarynyň erkinliginden gorkýan bolsalar, raýatlar goşmaça bir mümkinçiliklerden mahrum bolmak islemeýärler.

Azatlyk Radiosy: 2003-nji ýyldan soň orsýet pasportyny alan türkmenistanlylaryň ýurtdan çykmak we ýurda barmak bilen bagly dürli kynçylyklara üçraýandygy barada ençeme gezek habar berlipdi. Türkmen häkimiýetleri bar bolan çäklendirmeleri goşa raýatlygy ýatyrmak baradaky ylalaşyk bilen düşündiripdi. Emma 2003-njy ýyla çenli, ýagny ylalaşyk ýatyrylmanka, goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň-da kynçylyk çekýändigi, hususan-da, häzirki wagtda olaryň täze türkmen pasportyny alyp bilmän kösenýändigi barada maglumatlar gowuşýar. Bu näderejede kanuna gabat gelýär?

Batyr Muhammedow: Umuman, öz raýatlaryny raýatlykdan mahrum etmeklik Sowet Soýuzynda bolan tejribeleriň biri. Meselem, Brežnew ýazyjy Aksenowy we sazanda Rostropowiçi sowet raýatlygyndan mahrum edipdi. Bu halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berk ýazgarylan hereket bolupdy. Sebäbi adamlaryň islegleriniň garşysyna raýatlykdan mahrum etmeklik hem halkara kanunlaryna, hem ahlaga ters gelýär.

2003-nji ýyldan öň orsýet raýatlygyna eýe bolan turkmenistanlylara edilýän basyşlar islendik kanuna ters gelýär, sebäbi kanunçylygyň baş ýörelgelerine görä, kanunlaryň tersin hereket etmäge güýji ýok. Bu birinjiden, Ikinjiden bolsa, halkara kanunlary islendik ýurduň milli kanunlaryndan, şol sanda ýurtlaryň Baş kanunlaryndan-da has agramly hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG