Sepleriň elýeterliligi

Ulunýan: Goşa raýatlyk erkinlik berýär


Syýasaty öwreniji Artem Ulunýan, Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiýasynda, 2009.

Syýasaty öwreniji Artem Ulunýan, Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky studiýasynda, 2009.

Goşa raýatlyk meselesiniň nähili syýasy aýratynlyklary bar?

Azatlyk Radiosy Orsýetiň Ylymlar akademiýasynyň Umumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkanlar boýunça bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyk diňe bir Türkmenistana däl, beýleki ýurtlara-da degişli mesele. Umuman, bu meseläniň nähili aýratynlyklary bar?

Artýom Ulunýan: Goşa raýatlyk bilen bagly bar bolan problemalar ähli ýurtlarda mydama bir meselä syrygýar. Bu mesele goşa pasportlaryň eýeleriniň haýsy ýurda has loýal bolýandygyna we olaryň iki pasporta eýe bolmagynyň maksatlaryna bagly bolýar.

Şeýlelikde, adatça, problemalar ýüze çykanda olar aýratyn bir şahsa degişli bolýar we her bir wakanyň öz aýratynlygy bolýar. Dünýäde dört-bäş ýurduň pasportlaryna eýe bolan adamlar hem az däl. Şeýle ýagdaý, esasan, Ýewropada, Latyn Amerikasynda we käbir afrika ýurtlarynda köp duş gelýär. Emma problema pasportlaryň köpdüginde däl-de, şol pasportlaryň eýesiniň haýsy ýurda loýallyk görkezýänliginde. Hut şeýle loýallygyň esasynda şol adam ol ýa beýleki ýurduň raýaty hökmünde kabul edilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda iki pasporta eýe bolan adamlar ýurtlaryň haýsysyna loýal diýip pikir edýärsiňiz?

Artýom Ulunýan: Umuman, postsowet giňişliginde örän özboluşly bir ýagdaý emele geldi. Diňe Türkmenistany alyp görsek, bu ýerdäki problema diňe bir etnik orslara, ors dillilere ya-da Orsyet Federasiýasynda oturymly bolan milletlere degişli däl. Problema Türkmenistanyň içindäki sosial-syýasy ýagdaýa degişli.

Goşa raýatlyk Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň daşyna çykmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistandaky düzgünler raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrýarka, iki pasportly adamlar has erkin hereket edip bilýärler. Bu bolsa köpler üçin goşa raýatlygyň hereket etmäge goşmaça mümkinçilik berýändigini görkezýär. Şeýlelikde köp türkmenistanlylar Orsýetiň pasportyny ätýaçlyk üçin we özlerini has rahat duýmak üçin mümkinçilik hökmünde ulanýarlar diýsek, ýalňyşmasak gerek.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýet arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan goşa raýatlyk ylalaşygy 2003-nji ýylda ýatyrlypdy, ondan bäri ýene 10 ýyl geçdi, emma goşa raýatlyk bilen bagly problemalar şu çaka çenli saklanyp galýar. Ýurt ýolbaşçylary-da bu mesele barada wagtal-wagtal maslahatlar geçirýärler. Taraplar ylalaşyp bilmän gelýän zatlary nämeler diýip pikir edýärsiňiz?

Artýom Ulunýan: Bu ýerde umumy bir tendensiýa-da, aýratynlyklar-da bar. Umumy tendensiýa barada aýdylanda, käbir ýurtlar goşa raýatlygy ykrar etmeýärler, ýagny başga bir ýurduň raýaty bolmak isleýän adam öz ýurdunyň raýatlygyndan el çekmeli bolýar. Bu tendensiýa, esasan, az sanly ilatly ýurtlarda göze ilýär. Şeýle ýurtlaryň häkimiýetleri köp raýatlarynyň başga ýurduň hem raýatlary bolmagyndan howatyrlanýarlar. Sebäbi, dogrudanam, şeýle ýagdaý ýurtlaryň milli bähbitlerine, goranyş ukybyna we howpsuzlygyna wehim salyp bilýär.

Şol bir wagtda-da bu ýerde diňe bir Türkmenistana mahsus aýratynlyklar hem bar. Türkmenistan jemgyýetiň üstünden gözegçilik etmek isleýär. Türkmen raýatlarynyň başga ýurtlaryň pasportlaryna eýe bolmaklary bolsa jemgyýetde özlerini has erkin duýup bilýän bir gatlagyň bardygyny görkezýär. Bu gatlak özüni has özbaşdak alyp barmaga-da ukyply bolýar. Şeýlelikde türkmen häkimiýetleriniň goşa raýatlygy doly ýok edip, şeýle gatlagyň bolmazlygyny gazanmak isleýändigi barada pikir döreýär. Hut şu sebäpdenem Moskwanyň Aşgabat bilen aradaky gepleşikleri agzalýan meseläni çözüp bilenok diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz goşa raýatlyk meselesinde Türkmenistanyň pozisiýasyna öz garaýşyňyzy mälim etdiňiz. Siz bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny nähili görýärsiňiz?

Artýom Ulunýan: Bu meselede Orsýetiň syýasatynyň hem öz aýratynlyklary bar. Orsýetiň başga ýurtlaryň raýatlaryna öz raýatlygyny bemek syýasaty barada dürli garaýyşlar bar. Emma häzirki ýagdaýa syn etsek, umumy bir tendensiýa göze ilýär. Orsýetiň postsowet giňişligindäki goňşularynyň we partnýorlarynyň ençemesi regionda Orsýetiň raýatlarynyň sanynyň gitdigiçe artmagyna örän seresaply garap başladylar.

Munuň bienäçe sebäbi bar. Jemgyýetçilik derejesinde ýörgünli pikirleriň arasynda Orsýetiň Sowet Soýuzy ýaly bir bileleşigi döretmek isleýändigi öňe sürülýär, Orsýetiň regionyň ýurtlarynyň ýaşaýjylaryna öz raýatlygyny bermek arkaly, öz syýasy we ykdysady täsirini güýçlendirmäge synanyşýändygy çak edilýär. Elbetde, şeýle ýagdaýda orsýet raýatlygy bilen bagly meselä postsowet ýurtlarynda uly üns bilen syn edilýär.

Dogrudanam, Orsýetiň syýasatynda käbir tendensiýalar ünsi özüne çekýär. Meselem, Orsýetiň raýatlygy ýurduň daşyndakylara Orsýete göçüp gelenlere garanda tiz we has ýeňillik bilen berilýär. Şeýle ýagdaýda Orsýetiň öz raýatlygyny bermek boýunça ýöredýän syýasatynda gumanitar maksatlar bilen çäklenmän, strategik we syýasy maksatlara eýerýändigi barada pikir döreýär.
XS
SM
MD
LG