Sepleriň elýeterliligi

Anna Ahmatowanyň goşgulary


Georgiý Çulkow, Mariýa Petrowyh, Anna Ahmatowa, Osip Mandelştam. 1934 ý.

Georgiý Çulkow, Mariýa Petrowyh, Anna Ahmatowa, Osip Mandelştam. 1934 ý.

Belli rus şahyry Anna Ahmatowanyň iki goşgusynyň erkin terjimesi.

1.

Sen şeýle uzakda, eziz ýolagçym,
Emma seniň bilen gepleşýärin men.

Asman öz şemlerin ýakdy bireýýäm,
Ýola salmak üçin säher şapagyn.

Tizräk sag tarapa gara, ýolagçym,
Açyk-aýdyň nazaryňa ünsi çek:

Bu ýerde ýaşaýar bir mekir aždar –
Birmahaldan bäri meniň hojaýnym.

Bu aždarhaň bolsa gowagy içre,
Ne rehim-şepagat, ne-de kanun bar.

Uzyn gamçy asylgy dur diwarda –
Maňa aýdym aýtdyrmazlyk – oň borjy.

Azap baryn berýär ganatly melgun,
Maňa tabynlygy öwretjek bolýar.

Batyrgaý gülkini unutdyrjakmyş,
Hemmeden ýokary goýjakmyş meni.

Meniň sözlerimi, eziz ýolagçym,
Uzak bir şähere alyp git bile.

Goý, gussaly bolsun önküsindenem
Meň şu günkim diriligmiň güwäsi.


2.

El çekip şöhratdan, ähli arzuwdan,
Göwnüçökgün, agras bolup galdyň sen.

Näçe gümürtik hem ejiz görünseň,
Men üçin şonça-da gaýduwsyz – eziz.

Arassa däl, gije içýärsiň çakyr,
Düýşüňde-huşuňda ne bar, bilemok.

Ýöne, mawy gözler, azaply gözler,
Içgide-de rahat tapmadyň ýaly.

Ykbal haýallygna närazy bolup,
Ýürek tiz ölümi küýseýär diňe.

Günbatar şemaly ýygy-ýygydan,
Ýetirýer seň käýinjiňi, nalyşyň.

***
Ýurdumyň öçügsi asmany asta
Dolanmaga ykbalyna hetdiň ýok.

Dine aýdym aýdyp ýatlap bilýärsiň
Meni welin ýatlamaga milt etme.

Köpeldip gussany ötüp dur günler
Ýokarkydan näme haýyş edeýin?

Bildiň sen: şeýle bir söýgim bardy meň,
Ony öldürmek başartmandy saňa-da.

Terjime eden Şiraly Nurmyrat
XS
SM
MD
LG