Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-rus goşa raýatlygyň hronologiýasy


Russiýanyň we Türkmenistanyň baýdaklary

Russiýanyň we Türkmenistanyň baýdaklary

2013-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylar pasportlaryndan diňe birini saklap bilerler. Beýleki bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň “zagran”, ýagny daşary ýurt pasportlarynyň berilmejegi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy "goşa raýatlyk" meselesiniň hronologiýasyny düzdi:

1993-nji ýylyň 23-nji dekabry – Aşgabatda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” baglaşyldy. Ylalaşyga Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Orsýetiň prezidenti Boris Ýelsin gol goýdular.

1993-nji ýylyň 26-njy dekabry – Türkmenistanyň Mejlisi “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy” tassyklady.

1994-nji ýylyň 25-nji noýabry – Orsýetiň Döwlet Dumasy “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy” tassyklady.

1995-nji ýylyň 18-nji maýy – Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylan “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” güýjüne girdi.

2003-nji ýylyň 10-njy apreli – Moskwada “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygyň” ýatyrylmagy barada protokola gol çekildi. Protokola Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gol goýdular.

2003-nji ýylyň 22-nji apreli – Türkmenistanyň Mejlisi “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygyň” ýatyrylmagy barada protokoly tassyklady. Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow “Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda goşa raýatlygy ýatyrmak boýunça meseleleri kadalaşdyrmak” barada perman çykardy. Permana laýyklykda, türkmenistanlylaryň bir ýurduň raýatlygyny saýlamagy üçin wagt möhleti kesgitlendi.

2003-nji ýylyň 20-nji iýuly – Orsýetiň Döwlet Dumasy Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda “Goşa raýatlyk meselelerini kadalaşdyrmak boýunça ylalaşygy” ýatyrmak barada protokoly tassyklamakdan ýüz öwürdi. Döwlet Dumasy resmi beýannama ýaýradyp, “Türkmen häkimiýetleriniň goşa raýatlyk barada ylalaşykdan çykmak boýunça birtaraplaýyn hereketlerine” aladalanma bildirdi we muny Türkmenistanda orsýet raýatlarynyň hak-hukuklaryny depeleýän hereket diýip atlandyrdy.

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabry – Türkmenistanyň täze Konstitusiýasy kabul edildi. Türkmenistanyň Baş kanunynyň 7-nji maddasynda goşa raýatlyk inkär edilýär.

2013-nji ýylyň 11-nji marty – Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Orsýetiň mediasynda Orsýet tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirilen bu söhbetdeşlikde Türkmenistanda ýaşaýan goşa raýatlyga eýe bolan şahslaryň ýagdaýy barada maslahat edilendigi habar berildi.

2013-nji ýylyň 4-nji apreli – Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Aşgabada saparynyň dowamynda goşa raýatlyk problemasyna garaldy.

2013-nji ýylyň 12-nji apreli – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylara täze pasportlaryň berilmegi barada resmi çykyş etdi.

2013-nji ýylyň 7-nji we 8-nji maýy – Aşgabatda Türkmenistanyň we Orsýetiň DIM-niň resmi wekilleriniň arasynda gepleşikler boldy.
XS
SM
MD
LG