Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet "içaly ýurtdan gitsin” diýýär


ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň syýasy bölüminiň 3-nji sekretary Raýan Kristofer Foglyň diplomatik kartasy, 13-nji maý, 2013.
ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçihanasynyň syýasy bölüminiň 3-nji sekretary Raýan Kristofer Foglyň diplomatik kartasy, 13-nji maý, 2013.
Orsýet ABŞ-nyň Merkezi aňtaw uprawleniýesiniň agenti diýlip güman edilýän adamyň ýurdy terk etmegini talap etdi.

Hepdäniň sişenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrligi Raýan Kristofer Fogl diýlip tanalýan adamyň Birleşen Ştatlara “mümkin boldugyndan tiz” gitmelidigini aýtdy.

Ministrligiň beýannamasynda “sowuk urşa mahsus şeýle prowokasiýalar Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda bir-birine ynamyň pugtalanmagyna” peýda bermez diýlip bellenýär.

Orsýetiň maglumaty

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy Foglyň Demirgazyk Kawkaz regiony boýunça terrorçylyga garşy iş alyp barýan orsýetli ofiseri öz tarapyna çekmäge synanyşanda, tiz ele salnandygyny mälim edipdi.

Osýetiň durnuksyz regiony bolan Demirgazyk Kawkaza girýän Çeçenistan ýakynda ABŞ-nyň Boston şäherinde bolan bomba partlamasynda günäli hasaplanýan Sarnaýewleriň gelip çykan ýurdydyr.

Orsýetiň döwlet telewideniýesi Fogl diýlip tanadylan adamyň suratlaryny, şeýle-de oňa degişli, diýlen birnäçe zatlary görkezdi. Şol zatlaryň arasynda iki sany parik, ýagny emeli saç, kompas, Moskwanyň kartasy, gara äýnekler we içi 500 ýewrolyk banknotlardan doly bukjalar görkezildi.

Maglumatda Foglyň amerikan ilçihanasynyň syýasy bölüminiň 3-nji sekretary wezipesinde işländigi habar berildi.

ABŞ-nyň reaksiýasy

Hepdäniň sişenbe güni Döwlet departamenti Foglyň ilçihananyň işgäri bolup işländigini tassyklady, emma onuň wezipesi we alyp baran işi barada maglumat bermejekdigini aýtdy.

Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Patrik Wentrell Waşingtonda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Çarşenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Orsýetdäki ilçisi Maýk Makfoly çagyrdy. Makfol içalyçylyk bilen bagly aýyplamalary kommentirlemejekdigini aýtdy.

Sowuk urşuň tamamlanmagyna garamazdan, Orsýet we ABŞ bir-birine degişli aňtaw operasiýalaryny aktiw dowam etdirýärler.

Fogl soňky on ýyla golaý döwrüň dowamynda Orsýetde köpçüligiň öňünde içalyçylykda aýyplanan ilkinji amerikan diplomatydyr. Geçen ýylda birnäçe orsýetli Birleşen Ştatlaryň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG