Sepleriň elýeterliligi

Üç ýurduň sporsmenleri BMG-ä ýüzlendi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň, Orsýetiň we Eýranyň göreş boýunça sportsmenleri sportuň bu görnüşiniň ölimpiadalaryň programmasyndan aýrylmazlygyna çagyryş edip, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edarasyna ýüz tutdular.

Olaryň bu aksiýasy Nýu-Ýorkda göreş boýunça gurnalan sergi çäresiniň çäklerinde gurnaldy. Bu üç ýurduň göreş boýunça sportsmenleri göreşiň Olimpiada programmasynda galdyrylmagy ugrunda Halkara Olimpiada Komitetine basyş görkezmekligi göz öňünde tutýarlar.

Şu ýylyň fewralynda Halkara Olimpiada Komitetiniň 15 agzadan ybarat dolandyryjy Geňeşi sportuň göreş görnüşini 2020-nji ýylyň olimpia oýunlaryndan aýyrmaklygy teklip edip, rekomendasiýa kabul etdi.

Bu edilen teklip boýunça Halkara Olimpiada Komitetiniň şu ýylyň sentýabrynda Buenos Aýresde geçirjek maslahatynda gutarnykly karara gelmeginiň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG