Sepleriň elýeterliligi

Kannda halkara kinofestiwaly açyldy


Çarşenbe güni Fransiýanyň Kann şäherinde dünýäde iň uly halkara kino festiwaly açyldy.

Bu kino festiwalda baş baýraga dalaş etjek esasy filmlerden birem awstraliýaly kino režissýory Baz Luhrmanniň “Beýik Getsbi” filmi hasaplanylýar.

105 million dollar çykdaja duran bu filmde baş rollary Golliwudyň meşhur aktýory Leonardo DiKaprio bilen britaniýaly aktrisa Keri Malligan oýnaýar.

Fransiýadaky bu Kann festiwalynda geljek 12 günüň dowamynda ýüzlerçe film tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlener. Ýöne olardan 20 film bu halkara festiwalynyň baş baýragy üçin dalaş eder.

Festiwalyň ýeňijileri 26-njy maýda yglan ediler. Emin agzalarynyň toparyna Oskar baýragynyň eýesi, rejissýor Stiwen Spilberg ýolbaşçylyk edýär.
XS
SM
MD
LG