Sepleriň elýeterliligi

Gazak raýatlary terrorda sud edilýär


Çarşenbe güni Gazagystanyň Astana şäheriniň sudunda dini ekstremizmde aýyplanylýan alty adamyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Gazagystanyň prokuraturasy bu raýatlara terror toparyny döretmekde, terrorçylykly işleri taýýarlamakda, polisiýa we howpsuzlyk işgärlerini hem-de ýokary derejeli resmileri öldürmegi planlaşdyrmakda aýyplama bildirýär.

Astanadaky sud diňlenişiginiň başynda prokuraturanyň sülçüsi bu alty raýatyň Gazagystanda yslam halyfatyny döretmek ideýasyndan ugur alandyklaryny aýtdy.

Prokuraturanyň resmisiniň maglumatyna görä, Gazagystanyň bu raýatlary Astanadaky Opera we balet teatryny partlamagy-da planlaşdyrypdyrlar.
XS
SM
MD
LG