Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurban: Meni ýurtdan çykaranoklar


"Türkmenhowaýollarynyň "Boeing-575" kysymly uçary.
"Türkmenhowaýollarynyň "Boeing-575" kysymly uçary.
Lebaply Gurban aga, 8-nji maýda Türkiýä gitmek üçin ýaş gelni bilen aeroporta baranda, garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Gurban aganyň aýtmagyna görä, ol aeroporta baranda, oňa ýurdy terk etmäge rugsat berilmändir. Emma oňa bu ýagdaýyň sebäbi-de düşündirilmändir.

Serhetdäki waka

Gurban aga bu hakynda şeýle gürrüň berýär: “Biz 8-nji maý güni Türkiýä gitmek üçin Aşgabadyň aeroportuna bardyk. Ähli gözegçilik gulluklaryndan geçip, iň soňunda Migrasiýa gullugyna bardyk. Migrasiýa gullugyndakylar, olaryň atlaryny bilemok, birnäçe soraglar berip, hapa-paýyş sözler aýdyp, gelnimiň göwnüne degip, her hili gürrüňler aýtdylar”.

Gurban aganyň passportyna goýlan möhür
Gurban aganyň passportyna goýlan möhür
Onuň sözlerinden çen tutulsa, Migrasiýa gullugynyň ofiseri Gurban aganyň öz gelnini Türkiýede migrant işçi hökmünde goýup gaýtjakdygyny güman edipdir. Onsoň ofiser olaryň yzlaryna geljekdigi, gelmeseler, onda özlerine garşy çäre görülmegine razydygyny tassyklap, dilhat ýazmaklaryny talap edipdir.

Gurban aganyň gürrüňine görä, ol talap edilen dilhaty ýazyp berse-de, Migrasiýa gullugynyň işgäri onuň pasportyna basylan möhüriň üstüni çyzyp, olara uçar biletlerini tabşyryp, öýlerine dolanmagy maslahat beripdir.

“Bize dilhat ýazdyrdy, soň yzyndanam peçat goýup, ştampyny pasportlarymyza [basdy], indi geçer ýaly boldumy diýsek, ýene gelnimi çagyryp, soraglara tutup, öz goýan ştampynyň üstüni çyzyp, baryň siz öýüňize gidiň, siz kezzaba meňzeýäňiz diýip, başga-da hapa sözleri aýdyp, bizi kowup goýberdiler. Eger-de bir ýere şikaýat etseňiz, biz sizi tapyp temmiňizi berjek, türmä basdyrjak” diýip gorkuzdylar” diýip, Gurban aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Migrasiýa ministrliginde

Bu wakadan soň Gurban aga näme etjegini bilmän, Migrasiýa ministrligine barypdyr, ol ýerde indiki hepdäniň sişenbe güni gelmelidiklerini aýdypdyrlar. Ondan soň Gurban aga Türkmenistanyň Mejlisine ýüz tutupdyr we ol ýerde ony deputatlardan biri kabul edipdir.

Gurban aganyň aýtmagyna görä, agzalýan deputat aeroportdan Gurban aga bilen onuň 23 ýaşly gelniniň yzyna gaýtarylmagynyň Türkmenistanyň kanunyna laýyk gelmeýändigini, ýöne bu mesele boýunça hiç hili kömek edip bilmejekdigini aýdypdyr.

Gurban aga Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna hem ýüz tutandygyny, ol ýerde oňa Döwlet Migrasiýa gullugyna ýüz tutmaklygyň maslahat berlendigini aýdýar. Häzir bolsa Gurban aga, bu mesele boýunça prezidentiň adyna ugradan hatyna jogaba garaşýar.

Sebäbi nämede bolup biler?

Gurban aganyň sözlerine görä, olaryň Türkiýä goýberilmezliginiň sebäbi gelniniň 23 ýaşyndadygy bolup biler. Türkmen resmilerinden bu barada hiç hili maglumat alyp bolmady. Emma bu ýaş zenanyň Aşgabadyň aeroportundan yzyna gaýtarylmagy boýunça ýüze çykan ilkinji waka däl.

Halk arasynda aýdylýan gürrüňlerden çen tutulsa, bu ýaş zenanlaryň Türkiýede bikanun işlemeginiň öňüni almak üçin edilýän alada bolup, onuň ýurtda bardygy aýdylýan gara sanaw bilen hiç hili baglanyşygy ýok.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň çäginden daşary erkin gitmegi we yzyna dolanmagy boýunça hukugynyň bozulýandygyny we bu ugurda bar bolan kanunlaryň berjaý edilmeýändigini aýdyp, yzygiderli maglumat çap edýärler.

Şeýle-de Türkmenistanyň Migrasiýa hakynda kanunyň 35-nji maddasynda hem Türkmenistanyň raýatlarynyň gulluk we hususy işler boýunça Türkmenistandan gitmäge hukugynyň bardygy we onuň çäklendirilip bilinmejegi kepillendirilýär.
XS
SM
MD
LG