Sepleriň elýeterliligi

Kabulda güýçli partlama boldy


Penşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bir hüjümçi daşary ýurt harbylarynyň ulag kerwenini nyşana alyp, maşyna ýerleşdirilen bombany partlatdy.

Owganystanyň polisiýasy bu partlamada azyndan alty sany parahat ýaşaýjynyň ölüp, ýene azyndan 35 töweregi adamyň-da ýaralanandygyny habar berdi.

Kabulyň polisiýa edarasynyň başlygy Mohammad Eýýub bu partlamada birnäçe jaýa uly zyýan ýetendigini-de mälim etdi.

Kabuldaky bu partlamanyň jogapkärçiligini “Hizbi Yslami” atly söweşjeň toparyň öz üstüne alandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG