Sepleriň elýeterliligi

Latwiýanyň prezidenti “Awaza” sapar etdi


Çarşenbe güni Latwiýanyň prezidenti Andris Berzinşiň ýolabaşçylygyndaky delegasiýa Türkmenistana saparynyň barşynda Hazar deňziniň kenaryna-da sapar etdi.

Latwiýanyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa ol ýerde käbir iri senagat obýektleri bilen bir hatarda “Awaza” turistik zonasyndaky işler we geljekki planlar bilen-de tanyşdyryldy.

“Nebitçi” myhmanhanasynda gurnalan bu prezentasiýada Latwiýanyň işewür wekillerinden ybarat delegasiýa “Awazada” iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary üçin göz öňünde tutulýan ýeňillikler bilen-de tanyşdy.

Bu dabaradan soň Andris Berzinş ýörite gämide “Awaza” kanaly arkaly bu kurort zonasyna gezim edip, Türkmenistanyň bu turistik zonasy bilen tanyşdy.
XS
SM
MD
LG