Sepleriň elýeterliligi

Tähranyň ýadro programmasy maslahat edilýär


Eýranyň ýadro gepleşikler boýunça wekili Saeed Jalili (s) we ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton (ç), Stambul, 15-nji maý, 2013.

Eýranyň ýadro gepleşikler boýunça wekili Saeed Jalili (s) we ÝB-niň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton (ç), Stambul, 15-nji maý, 2013.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Ketrin Aşton Eýranyň ýadro gepleşikler boýunça wekili Saeed Jalili bilen “peýdaly” diskussiýanyň geçirilendigini aýtdy. Emma ol gepleşikleriň täze tapgyry boýunça geljekki planlary mälim etmedi.

Dünýäniň täsirli alty döwletine wekilçilik edýän Ketrin Aşton çarşenbe güni Stambulda geçirilen duşuşykdan soň eden çykyşynda ”biz öňe sürlen teklipleri maslahat etdik we prosesiň indiki tapgyryna çenli edilmeli işler barada gepleşdik” diýdi. Şeýle-de Aşton “biz tiz wagtda ýene-de duşuşarys” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşton bilen Jaliliniň arasynda bolan soňky duşuşykdan öň, aprel aýynda, Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen gepleşikler dipolmatiýa taýdan şowsuz bolupdy. Habar berlişine görä, taraplar ylalaşyga ýakynlaşyp bilmediler.

Dünýä liderleri ABŞ, Orsýet, Hytaý, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa Eýranyň urany baýlaşdyrmak işinden we beýleki gapma-garşylykly hereketlerinden el çekmegini isleýärler. Olar öz taraplaryndan Tährana garşy girizilen sanksiýalary gowşatmagy wada berýärler. Eýran bolsa urany baýlaşdyrmak hukugynyň ykrar edilmegini we sanksiýlaryň ýatyrylmagyny talap edýär.

Wenadaky duşuşygyň netijeleri

Çarşenbe güni irden Eýran we Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Wenada duşuşyk geçirdiler, emma taraplar halkara inspektorlarynyň Eýranyň ýadro obýektlerine goýberilmegi, olara dokumentleriň görkezilmegi we ýurduň resmileri bilen duşuşmak barada ylalaşyga gelip bilmediler.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Herman Nakaerts Eýranyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligindäki ilçisi Ali Asgar Soltanieh bilen geçirilen duşyşygyň yz ýany žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Herman Nakaert, gepleşikleriň depginli bolmagyna garamazdan, taraplaryň bir ýyla golaý wagtlap maslahat edilen meseleleri dokumentleşdirip bilmändiklerini aýtdy. Ol şu çaka çenli edilen tagallalaryň netije bermändigini belläp, indiki duşuşygyň möhletiniň indi bellenmelidigini aýtdy.

Stambulda we Wenada geçirilen bu duşuşyklaryň öňüsyrasynda Waşington Tähranyň ýadro programmasy bilen baglylykda Eýrana basyş etmegiň täze ýollaryny gözleýändigini yglan etdi.

ABŞ-nyň sanksiýalary

ABŞ-nyň maliýe ministriniň terrorçylyk bilen bagly maliýe meseleler boýunça orunbasary Dawid Koen çarşenbe güni Waşingtonda Senatyň Daşary işler boýunça komitetinde eden çykyşynda ABŞ-nyň sanksiýalarynyň, hususan-da, Eýranyň girdeji çeşmesi bolan nebit-himiýa senagatyna gönükdiriljekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän iki sany maliýe şirketi gara sanawa girizdi we olaryň ABŞ-nyň gara sanawyna girizilen eýranly bank bilen işleşmeginiň muňa sebäp bolandygyny aýtdy.

Maliýe departamentiniň çarşenbe güni aýtmagyna görä, “Al Hilal” we “Al Fida” kompaniýalary “Mellat” banky bilen maliýe taýdan hyzmatdaşlyk edipdir.

ABŞ-nyň bu karary amerikan raýatlary we şirketleri üçin bu iki kompaniýa bilen işleşmegiň gadagan edilýändigini aňladýar.

Bu kompaniýalaryň Birleşen Ştatlardaky hasaplary-da doňdurylýar.
XS
SM
MD
LG