Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan we Obama gepleşik geçirýär


Penşenbe güni Birleşen Ştatlara sapar edýän Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan Waşingtonda prezident Barak Obama bilen gepleşik geçirýär.

Bu gepleşikde esasan Siriýadaky konfliktler bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Rejep Taýýyp Erdoganyň Waşingtona saparynyň öňýany Türkiýäniň Siriýa bilen serhedine golaý ýerleşýän Reýhanly şäherinde yzly-yzyna amala aşyrylan iki partlamada onlarça adam ölüpdi. Türkiýe bu hüjümlerde Siriýanyň gizlin gulluklaryny aýyplady.

Birleşen Ştatlar bilen Türkiýäniň döwlet liderleriniň häzirki gepleşiklerinde käbir beýleki meseleleriň, şol sanda ysraýyl-palestin parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan ýola goýmak ýaly meseläniň-de ara alnyp maslahatlaşyljakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG