Sepleriň elýeterliligi

ÝB Röwşeniň meselesine alada bildirýär


Türkmenistanyň (çepde) we ÝB-niň baýdaklary

Türkmenistanyň (çepde) we ÝB-niň baýdaklary

Çarşenbe güni Aşgabatda “Ýewropa Bilelişigi – Türkmenistan adam hukuklary dialogy” ady bilen nobatdaky gepleşik geçirildi.

Aşgabatdaky bu gepleşiklere gatnaşan ÝB-niň resmileriniň Azatlyk Radiosyna mälim etmegine görä, bu ikitaraplaýyn gepleşiklerde beýleki meseleler bilen birlikde Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesi hem gozgalypdyr.

Bu barada Azatlyk Radiosy ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Katrin Aştonyň metbugat wekili Maýa Koçajançik bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen, Aşgabatda geçen gepleşikleriň mazmuny, şeýle-de Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň meselesiniň gozgalyp-gozgalmadygy barada maglumat beräýseňiz?

Maýa Koçajançik: Hawa, şu hepde, ýagny 15-nji maýda Aşgabatda “Ýewropa Bilelişigi – Türkmenistan adam hukuklary dialogy” ady bilen nobatdaky gepleşik geçirildi. Bu eýýäm bäşinji gezek geçirilýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki tarapy gyzyklandyrýan we aladalandyrýan meseleleriň giň gerimine seredildi. Dialogyň barşynda kanunçylyk reformalary, esasan hem türme şertleri; adam hukuklaryny goramak boýunça milli institutlar; graždan jemgyýetçiliginiň ösdürilmegi; söz we metbugat azatlygynyň ýagdaýy ýaly meselelere garaldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Röwşen Ýazmuhammedowyň ýagdaýy dogrusynda hem aýratyn durlup geçildi. Munuň bilen baglylykda, ÝB özüniň aladasyny bildirdi. Gepleşiklerde Ýazmuhammedowyň işi bilen baglylykda goşmaça maglumat soraldy. Biz bu meseläni içginden yzarlamagy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Röwşeniň tussag edilmegine 10 gün töweregi bolsa-da, oňa bildirilýän aýyplamalar barada hiç hili resmi maglumat ýok. Türkmen häkimiýetleri bu ugurda size nähili maglumat berdi?

Maýa Koçajançik: Men, esasan, ÝB-niň bildiren aladasy dogrusynda maglumat berip biljek. Biz Röwşen Ýazmuhammedowyň tussag edilmegi bilen bagly, aýratyn bir görnüşde özümiziň aladamyzy bildirdik.

Meniň düşünşime görä, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary Ýazmuhammedow barada 10 günüň içinde bir karara gelmeli.

Ýaňy hem belleýşim ýaly, biz bu meseläni içginden yzarlamagy dowam etdirýäris.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada hem gürrüň beräýseňiz?

Maýa Koçajançik: Meniň ýaňy hem belleýşim ýaly, adam hukuklary baradaky dialoglar örän möhüm häsiýete eýedir. Biz Türkmenistan bilen bu ugurdaky gepleşikleri dowam etdirmekçi.

ÝB-niň delegasiýasy geljek ýyl, gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň Brýusselde geçirilmegini teklip etdi.

Ýene bir gezek nygtap geçesim gelýär, biz siziň habarçyňyz Röwşen Ýazmuhammedowyň ýagdaýyny içginden yzarlamagy dowam etdireris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG