Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dewid Bekhem uly sportdan gidýär


Penşenbe güni angliýaly dünýä belli futbolçy Dewid Bekhem häzirki futbol möwsüminiň soňunda özüniň uly sportdan gitjekdigini yglan etdi.

Angliýanyň futbol boýunça ýygyndy komandasynyň ozalky kapitany 38 ýaşly Dewid Bekhem şu ýylyň ýanwarynda Fransiýanyň 1-nji ligasyndaky “Paris Saint-Germain” komandasy bilen bäş aýlyk kontrakt baglaşypdy.

Ol özüniň bu kontraktyndan alan ähli girdejisini çagalaryň haýyr-yhsanlyk fonduna geçirdi. Dewid Bekhem özüniň 20 ýyllyk futbol karýerasynda ussat oýunçy hökmünde 19 gezek baýrak aldy.

Ol dünýäniň dört ýurdunda milli ýaryşlaryň çempiony bolan ýeke-täk britan futbolçysydyr. Ol Angliýanyň futbol boýunça ýygynda komandasynyň düzüminde-de iň köp oýna gatnaşan futbolçy hökmünde tanalýar. Ol ýurduň ýygyndy komandasynda 115 oýuna gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG